Häzirki wagtda günsaýyn ösýän we özgerýän paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllyk şanly toýuna taýýarlyk görmek we ony dabaraly belläp geçmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu barada “metbugat.gov.tm” internet neşirinde bellenip geçilýär.

 Eziz diýarymyzda daşky gurşawyň ýagdaýyna jemgyýetiň jogapkärçiliginiň ýokarlandyrylmagy, täze ekologik garaýyşlaryň kemala gelmegi, welosiped sporty bilen meşgullanýanlaryň sanynyň artmagy we sagaldyş hereketiniň ösdürilmegi bilen bagly yzygiderli geçirilýän köpçülikleýin çäreler öňde goýlan maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň mysaly bolup durýar.

Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň başlangyjy esasynda baş şäherimizde ekologik abadançylyga kömek berýän awtoulagsyz günler geçirilýär.

Continue reading 10 – 25-nji maý aralygynda Aşgabat şäherinde ulaglaryň hereketi çäklendiriler at inAshgabat.

[ajax_load_more id="7660182157" css_classes="myclass" loading_style="infinite classic" container_type="div" offset="2" post_type="post" category="habarlar "]