Hindistandaky «Renani Jewels» -iň düýbüni tutujy Harşit Bansal 12 müň 638 göwher bolan ýüzügi döretdi. Bu ýüzük özboluşly dizaýny bilen «iň köp göwherli ýüzük» ady bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.

Ginnesiň Rekordlar kitabyna görä, «Marigold» ýa-da «Bagtyýarlygyň halkasy» diýlip atlandyrylýan bu ýüzük müňlerçe 38.08 karat tebigy göwher bilen bezelendir. Ajaýyp ýüzük nagyşly gül dizaýny bilen tegelek görnüşe eýedir.

Ýüzügiň agramynyň 165 gramdygy mälim edildi. Ýüzügiň dizaýny 30-njy noýabrda «Renani Jewels» kompaniýasy tarapyndan tamamlandygy mälim edildi.

Ginnesiň Rekordlar kitabynyň öňki rekordy hem Hindistanda Haýdarabatda ýerleşýän «Hallmark Jewellers» kompaniýasy tarapyndan täzelenipdi. Bu ýüzük 7 müň 801 göwheri özünde jemleýär