Angliýanyň meşhur neşirleriniň biri bolan «4×4 Magazine» halkara žurnaly «Ýylyň 4×4» baýragyny 25 ýyl bäri yglan edip gelýär. Bu ýyl bu baýraga «Fiat Panda Cross» awtoulagy mynasyp boldy. Bu sylag başgaça «Iň oňat krossover» baýragy diýip hem atlandyrylýar. Bäsleşige diňe 4×4  synpdaky ulaglar gatnaşyp bilýärler. Bäsleşigiň ýeňijileri 4×4 synpdaky ulaglardan başy çykýan hünärmenlerden düzülen eminler tarapyndan saýlanyp seçilýär. Ulaglar 4×4 ulgamy bilen bir hatada rahatlygyna we ýokary hilliligine hem aýratyn üns berilýär. «Fiat Panda Cross» awtoulagy «Ýylyň 4×4» baýragyny eýýäm dördünji gezek mynasyp bolýar.