Birleşen Patyşalygynyň Uels sebitinde ýerleşýän Bendriks aýlagynyň kenarynda maşgalasy bilen gezelenje giden dört ýaşly Lili Waýlder tötänlikde dinozawryň aýak yzyny tapdy. Kiçijik oglanjygyň kenarda ýöräp barýarka dinozawryň aýak yzy özüne çekdi. Wilderiň maşgalasy arheologlara dinozawryň aýak yzy barada habar berdi. Bu sebiti öwrenmek üçin gelen arheologlar aýak yzynyň 220 million ýyl we boýy 75 santimetr bolan dinozawra degişlidigini tassykladylar.

Kiçijik Liliniň ejesi Sally Waýlder: «Aýak yzyny Lili we Riçard (kakasy) tapdy. Lili onuň ýöräp barşyny gördi we «kaka seret» diýdi. Riçard öýe gelip, maňa suraty görkezende, men haýran galdym. Arheologlara habar berdik. Şeýlelikde täsin açyş ýüze çykdy» — diýip, belläp geçdi.

Gözlegçiler indi dinozawrlar barada has giňişleýin maglumat almak üçin aýak yzyny gözlegden geçirerler.