«Nokia» markaly smartfon öndürijisi bolan «HMD Global» kompaniýasy ýakynda 5 sany täze «Nokia» modelini hödürlär. Bir wagtlar telefon önümçiliginde uly meşhurlyga eýe bolan «Nokia» täze akylly telefonlary alyjylara hödürlemegini dowam edýär.  Finlandiýanyň meşhur kompaniýasynyň hödürlejek 5 modeli aşakdakylardan ybarat.

Bu modelleriň ilkinjisi «Nokia 1.4» ady bilen fewral aýynyň başynda satuwa çykarylmagyna garaşylýar. Dört ýadroly prosessor, 1 GB RAM we 16 Gb içki ýady bilen üpjün ediljek bu telefonda 6.51 dýuým HD + ekran, 5MP öň kamera we 8 + 2MP goşa arka kameralar bilen üpjün ediler. Mundan başga-da, telefonyň batareýasynyň 4000 mAh bolmagyna garaşylýar.

«Nokia» 6.3 we 6.4 modelleri hem özboluşly aýratynlyga eýe bolar. 5G ulgamyny goldaýan bu iki modelleri «Snapdragon 480» prosessor, 6,4 dýuým FHD + ekrany, 16 MP öň kamerasy we 48 MP esasy kamerasy bilen bir hatarda dört arka kamerasy bolar. 6 Gb RAM we 128 Gb içki ýady bilen üpjün ediljek smartfonlar 4500 mAh akkumulýatory hödürlär.

Şu ýylyň fewral ýa-da mart aýlarynda «Nokia 7.3 we 7.4» modelleri satuwa çykarylar. «Snapdragon 690» prosessor bilen üpjün ediljek telefonlarda 8 Gb RAM we 128 Gb içki ýady bolar. 6.39 dýuým FHD + ekrany we 5000 mAh batareýa kuwwaty bilen, telefonlaryň öň tarapynda ýekeje 24MP kamera we arka tarapynda 48 ýa-da 64MP hödürleýän dört kamera bolar.

Telefonlaryň bahalary barada entek hiç hili beýanat ýok.