Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň 27-nji awgust-2-nji sentýabry aralygynda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran sapary barada hasabat berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, saparyň çäklerinde BAE-niň birnäçe ministrliklerinde duşuşyklar geçirildi. Gazhimiýa senagaty, oba hojalygy, ulag we logistika, maliýe ulgamlarynda döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak meseleleri hem-de dürli maksatly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň geljekgi ara alyp maslahatlaşyldy.

BAE-NIŇ KOMPANIÝALARY TÜRKMENISTANA MAÝA GOÝAR

Türkmen wekiliýeti saparynyň çäklerinde “Mubadala” kompaniýasynyň wekilleri bilen gepleşikler geçirdi. Şunda nebitgaz pudagynda iri taslamalary durmuşa geçirmek üçin maýalary çekmegiň meselelerine garaldy. Özara düşünişmek hakyndaky ähtnamanyň taslamasyny taýýarlamak barada ylalaşyldy.

Gaýtadan dikeldilýän energiýa serişdelerini, tehnologiýalary ösdürmäge ýöriteledirilen “Mastar” kompaniýasynyň wekilleri bilen bolan duşuşygyň barşynda ýurdumyzda amala aşyrylýan maýa goýum taslamalarynyň tanyşdyrylyş çäresi geçirildi.

Geljekde serhetýaka etraplaryň birinde Gün şöhlesinden energiýa öndürýän köp ugurly bekediň gurluşygyny maliýeleşdirmegiň mümkinçilikleri hem ara alyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, degişli şertnamanyň taslamasyny taýýarlamak ylalaşyldy.

ABU-DABINIŇ ÖSÜŞ GAZNASY TÄZE TASLAMALARY MALIÝELEŞDIRER

Abu-Dabiniň Ösüş Gaznasynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşykda taslamalaryň 3-sine maýa goýmak hem-de karzlary çekmek boýunça resminamalara gol çekmek barada ylalaşylandygy aýdyldy.

Olaryň hatarynda:

Daşoguz welaýatynda polimelikasetat boýunça zawodyň gurluşygyna BAE-niň degişli kompaniýasy bilen önümi paýlaşmak boýunça göni maýa goýulmagyny gurnamak barada “ýol kartasyny” öz içine alýan çarçuwaly ylalaşyk.
Türkmenabadyň Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda garyşyk dökünleri öndürýän önümhananyň gurluşygyny maliýeleşdirmek barada karz ylalaşygy.
Türkmenistanda Abu-Dabiniň Ösüş gaznasy bilen bilelikde maýa goýum edarasyny döretmek barada Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasy arasynda esaslandyryjylaryň ylalaşygy bar.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 10-njy iýunynda Birleşen Arap Emirliklerinde gulluk iş saparynda bolan türkmen wekiliýeti bilen Abu-Dabiniň ösüş gaznasynyň wekilleri Türkmenistandaky taslamalaryň maliýeleşdirilmegi bilen bagly umumy bahasy 100 million dollarlyk maýa goýum Ähtnamalaryna gol çekilipdi. Şol ähtnamalaryň çäklerinde Jebel şäherçesinde döwrebap howa menziliniň gurluşygyna badalga berildi.

 

Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-niň sammitine gatnaşar

[ajax_load_more id="7660182157" css_classes="myclass" loading_style="infinite classic" container_type="div" offset="2" post_type="post" category="habarlar "]