Soňky ýyllarda elektrikli awtoulaglar islegiň barha artmagy netijesinde awtoulag öndürijileri bu bazara uly maýa goýum goýýarlar.

Şeýle kompaniýalaryň biri-de ABŞ-da ýerleşýän öndüriji «Ford» 2025-nji ýyla çenli 29 milliard dollar, şol sanda elektrik ulaglaryna 22 milliard dollar we awtonom ulaglara 7 milliard dollar maýa goýmagy meýilleşdirýändigini mälim etdi. Şeýle maýa goýumlaryň netijesinde Ýewropadaky «Ford» modelleri 2030-njy ýyla çenli doly elektrik bolmagyna garaşylýar.

«Ford» kompaniýasy Germaniýanyň Köln şäherindäki zawodyny Ýewropadaky ilkinji elektrik awtoulag zawodyna öwürmek üçin 30 aýda 1 milliard dollar maýa goýar.

«Ford» kompaniýasy Ýewropada öndürjek ilkinji doly elektrik ýolagçy awtoulagynyň 2023-nji ýyldan başlap bu zawodda öndüriljekdigini öndürilişine baha beriljekdigi bellendi.