Gerekli önümler:

  • 2 kg un
  • 1 nahar çemçesi duz
  • 1 nahar çemçesi hamyrmaýa
  • Eredilen ak ýag
  • Üwelen jigirdek

Hamyryny taýýarlamak üçin bir jamyň içine duz bilen hamyrmaýany guýup, üstüne-de ýylyjak suw (göz çeni bilen) guýmaly. Soňra elenen uny goşmaly we hamyr ýugurmaly. Taýyn bolan hamyry 1 sagatlyk ýyly ýerde basyryp goýmaly.

Hamyry 0.5sm galyňlykda, tegelek formada ýaýmaly. Eredilen ak ýag bilen üwelen jigirdegi hamyryň ýüzüne ýukajyk çalmaly. Ýüzüne ak ýag bilen jigirdek çalynan hamyry dolamaly. Soňra hamyry 1sm galyňlykda, tegelek formada ýaýmaly we öňünden 180o derejede gyzdyrylan howurpeçde bişirmeli.

Işdäňiz açyk bolsun!

Beýleki tagamlaryň hem taýýarlanyşyny okaň!

Ekler

Polýak kökesi

Gatlakly tagam

Garnirli ak tüwi

Süýjüli pişme

Limonly pirog

Glýasseniň öý şertlerinde taýýarlanyş usuly

Şugundyr mürepbesi

Baýramçylyk torty