Görnükli rus ýazyjysy Aleksandr Trifonowiç Twardowskiý Smolensk oblastynyň Zagorýe obasynda (häzirki Poçinkowskiý raýony) 1910-njy ýylda eneden dogulýar. A. Twardowskiniň kakasy demirçi ussa bolupdyr. Ol öz obalarynda sowatly we okumyş adam hasaplanýan eken. Aleksandr Twardowskiniň çagalygy we ýaşlyk döwri obada geçýär. Ol başlangyç bilimini oba mekdebinde alypdyr. Ol Zagorýe obasynda ýaşan döwründe oba habarçysy bolup işläp başlaýar. Şol döwürde ol goşgular, oçerkler, makalalar, habarlar ýazypdyr, gündelik ýöredipdir hem-de oblastdaky ykdysady we medeni üstünlikler barada gazetlere makalalar ýazypdyr. 1925-nji ýylda «Smolensk obasy» gazetinde on bäş ýaşly A.Twardowskiniň «Täze öý» atly ilkinji goşgusy çap edilýär.

1925-1929-njy ýyllarda A. Twardowskiniň «Hasyl», «Mähribanlar», «Sakgal barada» ýaly has kämil goşgulary çap edilýär. Ýaş habarçy A. Twardowskiý obalara, täze gurulýan kolhozlara aýlanyp, daýhanlaryň durmuşynda bolup geçýän täze özgerişleri öwrenýär we gören-eşiden zatlaryny öz eserlerinde beýan edýär. Ine, şol döwürde A.Twardowskiý adamlary gyzyklandyrýan, olara gerek zatlar barada ýazmak kadasyny özüne ýörelge edinýär.

«Şol döwürde men durmuşy hemme kişiden gowy jikme­jik bilýändirin öýdýärdim we şol zatlar barada men hökman ýazmaly diýip hasap edýärdim» diýip, Aleksandr Twardowskiý şahyryň gören-eşiden, bilýän zatlaryny beýan etmelidigini nygtaýar. Gören­eşidenlerini şahyrana dilde, çeper beýan etmelidigini Twardowskiý Puşkin, Nekrasow ýaly ajaýyp rus ýazyjylarynyň şygyrlaryndan öwrenýär. Aleksandr Twardowskiniň dünýägaraýşyny kemala getiren ýene-de bir ylham çeşmesi halk aýdymlary, halk döredijiligi bolupdyr. Smolenskide aýdylýan halk aýdymlary, ertekileri, rowaýatlary, atalar sözleri we nakyllary halkyň ruhuny A. Twardowskiniň aňyna siňdiripdir.

Rus halk döredijiliginiň däpleri şahyryň «Murawiýa ýurdy» (1934-1936) poemasynda-da örän güýçli duýulýar. Poemada halkyň durmuşynda bolup geçýän özgerişler, şol özgerişleriň netijesinde adamlaryň aňynda bolup geçen gapma-garşylykly pikirler görkezilýär.

«Murawiýa ýurdy» poemasynyň yzysüre A. Twardowskiniň birnäçe kitaplary çykýar. Oba durmuşynyň waspyna öwrülen «Goşgular» (1937), «Ýol» (1938), «Oba ýazgylary» (1939), «Zagorýe» (1940) ýaly eserler ýygyndylary şol döwürdäki daýhanlaryň durmuşyny, olaryň ykbalyny, häsiýetlerini, olaryň oý-pikirlerini açyp görkezýär. Täze obanyň, daýhan durmuşynyň şatlykly pursatlary A. Twardowskiniň «Demirçiniň maşgalasy» ýaly goşgularynda suratlandyrylýar. Bu döwrüň goşgularynda gürrüň berijilik, beýan edijilik täri güýçli duýulýar. Olara «sýužetli» goşgularam diýilýär.

Rus halkynyň zähmetsöýerligi, ökde ussalarynyň keşpleri A. Twardowskiniň «Danila barada» (1937), «Danilanyň ölümi» (1937), «Ýene-de Danila barada» (1938), «Danila baba hammamda» (1938), «Iwuşka» (1938) atly goşgularynda rus halkynyň milli häsiýetleri, milli däp-dessurlary agaç ussasy Danilanyň gürrüňçil, degişgen peç ussasy Iwuşkanyň keşpleriniň üsti bilen görkezilýär.

Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda A.Twardowskiý urşuň başyndan tä uruş gutarýança frontda bolýar. Ol harby habarçy hökmünde esgerler bilen bir hatarda uruş ýollarynyň kynçylyklaryny görýär.

Uruş temasy A.Twardowskiniň «Uruşdan soňky goşgular» (1952) ýygyndysyna giren eserlerine-de mahsusdyr.

Twardowskiniň şygyrlarynda we poemalarynda rus milli diliniň baýlygy, rus halk döredijiliginiň däpleri hem-de nusgawy rus edebiýatynyň tejribesi öz beýanyny tapypdyr.

A.T. Twardowskiý 1971-nji ýylyň 18-nji dekabrynda aradan çykýar.

Bellik: Makala “Daşary ýurt edebiýatynyň taryhy” kitaby esasynda taýýarlanyldy.

Şahsyýetler sahypamyzdaky makalalary aşakdaky «sary hatlara» basyp okap bilersiňiz!

Nury Halmämmedow: Sungatdan söz açyp

 

Maýa Kulyýewa — türkmeniň şeýda bilbili

 

Şahyr Gara Seýitliýewi ýagşylykda ýatlap

 

Nurmyrat Saryhanow (1906-1944)

 

Beki Seýtäkow (1914-1979)

 

Gurbandurdy Gurbansähedow (1919-1992)

 

Berdi Kerbabaýew (1894-1974)

 

Kerim Gurbannepesow — hazynaly halypa

 

Gurbannazar Ezizow — zehinli şahyr

 

Hydyr Derýaýew (1905-1988)

 

Ata Atajanow (1922-1989)

 

Ata Gowşudow (1903-1953)

 

Mämmet Seýidow (1925-1992)

 

Aman Kekilow (1912-1974)

 

Agahan Durdyýew (1904-1947)

 

Aleksandr Sergeýewiç Puşkin

 

Ernest Miller Hemingueý 

 

Hans Kristian Andersen

 

Atamyrat Atabaýew 

 

Lew Nikolaýewiç Tolstoý

 

Anton Pawlowiç Çehow

 

Sergeý Ýesenin 

 

Çingiz Aýtmatow 

 

Iwan Andreýewiç Krylow