Soňky wagtlarda tehnologiýa kompaniýalaryň girdejisi barha artýar. Şolaryň hatarynda «Apple» kompaniýasy hem dünýäniň iň iri kompaniýalaryň biri hasaplanýar. Kompaniýanyň baş direktory Tim Kukyň ýyllyk gazanjy 2020-nji ýyl boýunça has-da ýokarlandy. Ýagny baş direktoryň 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende gazanjy 2020-nji ýylda  28 göterim ýokarlanandygy mälim edildi. Mälim bolşy ýaly, Tim Kuk dünýäniň iň baý adamlarynyň arasynda ilkinjileriň hatarynda durýar. «Apple» kompaniýasynyň baş direktory Tim Kukyň 2020-nji ýyl boýunça girdejisi 14,7 million amerikan dollara deň bolandygy mälim edildi.