«Hyundai Motor» we «Apple» kompaniýalary sürüjisiz elektrik awtoulaglary öndürmek üçin şu ýylyň mart aýynda hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekmegi meýilleşdirýär. Eger-de şertnama gol çekilen ýagdaýynda ABŞ-da 2024-nji ýylda önümçilige başlamak meýilleşdirilýär. ABŞ-da guruljak täze zawodda 2024-nji ýylda 100 müň ulag öndüriler. Desganyň doly kuwwatynyň 400 müň ulag boljakdygy mälim edildi.

Geçen aý “Reuters” habar gullugynyň habar bermegine görä “Apple” -iň sürüjisiz ulag tehnologiýasynda öňe gidişlik edendigi we 2024-nji ýylda ösen batareýalary bilen ýolagçy ulaglaryny öndürip başlamagy maksat edinýändigi habar berildi.