Meşhur amerikan aktýory we öňki syýasatçy Arnold Şwarsenegger geçen şenbe güni 86 ýaşynda aradan çykan agyr atletikaçy Ýuriý Wlasowyň hatyrasyna hormat goýdy. Bu barada vesti.ru saýty habar berýär. Şeýle-de, habarda aýdylyşyna görä, Şwarsenegger: «Ýuriý Wlasow biziň ählimize «mümkin däl» bu diňe bir sözdügini öwretdi. Ol planetada ilkinji bolup 200 kilogram agramy göteren we ol maňa bedenimi kämilleşdirmäge ylham beren adamdyr» diýip, sosial ulgamy «Twitterde» aýdypdyr.

Agyr atletikaçy, rus ýazyjysy we syýasatçysy Ýuriý Petrowiç Wlasow 1935-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Makeýewkada (Donesk oblasty) dünýä inýär. Geçen asyryň 50-njy ýyllarynda sport kariýerasynda birnäçe üstünliklere eýe bolýar. Altyndyr kümüş medallaryň eýesi Wlasowyň gazanan üstünlikleri hakynda, ýagny, olimpiýada çempiony (1960), oýunlaryň kümüş medalçysy (1964), 4 gezek dünýä çempiony (1959, 1961-1963), 6 gezek Ýewropa çempiony (1959-1964), 5 gezek SSSR-iň çempiony (1959-1963), dünýä rekordynyň 31 we SSSR rekordynyň 41 sanysyny goýdy (1957-1967) diýip, wikipediýada bellenilip geçilýär.