Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi.

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň başlygy D.Saburow ýolbaşçylyk edýän pudagynda alnyp barylýan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe ýük daşamagyň meýilnamasy 106,1 göterim berjaý edildi. 2020-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan başlap, Türkmenbaşy we Türkmenabat Halkara howa menzillerine daşary ýurt howa gämileriniň tehniki uçuş-gonuş işleri amala aşyrylyp başlandy.

Şu ýylyň ýanwar aýyndan başlap, IL-76 kysymly ýük howa gämisinde hepdede bir gezek Aşgabat-Stambul-Aşgabat we Aşgabat-Abu-Dabi-Aşgabat ugurlary boýunça yzygiderli ýük gatnawlary ýola goýuldy. Häzir Aziýadan Ýewropa hem-de Ýewropadan Aziýa sebitine “Boeing-200LR” kysymly howa gämisiniň bagaž böleginde ýükleri daşamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň pudagy goldamak üçin ähli zerur çäreleri görýändigini belledi. Şol birwagtyň özünde raýat awiasiýasynyň işini täze şertlere uýgunlaşdyrmaga netijeli usullary tapmak zerur bolup durýar.

Hususan-da, halkara we içerki ugurlar boýunça ýolagçy gatnatmagyň we ýük daşamagyň ýokary hilini, howpsuzlyk we amatlylyk derejesini üpjün etmäge mümkinçilik berýän sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmaga ähmiýet berilmelidir.

Döwlet Baştutanymyz pudagyň işine nägilelik bildirip, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurlarda dünýäniň ösen tejribesini öwrenmek we ornaşdyrmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.

TÄZE ÝÜK UÇARLARY SATYN ALNAR

Döwlet Baştutanymyz “Türkmenhowaýollary” agentliginiň başlygy D.Saburowa ýüzlenip, howa gämilerinde düýpli abatlaýyş-bejeriş işlerini we tehniki hyzmatlary öz wagtynda geçirmegi; Uçuşlaryň ygtybarly we howpsuz bolmagyny üpjün etmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Agentligiň howa menzillerinde döwrebap ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça zerur çäreleri görüp, howa menzillerini has netijeli ulanylmagyny üpjün etmeli.

Milli Liderimiz dünýäde häzirki wagtda awiaýolagçylaryň azalandygyny göz öňünde tutup, täze ýük uçarlaryny satyn almagy we uçarlaryň ýük daşaýjylyk ukybyny artdyrmagy tabşyrdy we bu babatda agentligiň ýolbaşçysyna öňde durýan wezipeleri çözmek babatda anyk görkezmeleri berdi. Bu barada “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtynda aýdylýar.