Türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Bilim ministrliginiň guramagynda sanly ulgam arkaly “Innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna hem-de «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna bagyşlanan bu forumyň işi berkarar döwletimiziň okgunly innowasiýa ösüşinde ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň gazananlarynyň ähmiýetini beýan etmekden ybarat boldy.

Halkara ylmy-amaly maslahat Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde boldy. Bu ýokary okuw mekdebiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň bio- hem-de biolukmançylyk tehnologiýalary, nanoelektronika we maddalaryň interneti, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, kiberhowpsuzlyk ulgamynda taýýarlan bilelikdäki ylmy işleriniň sergisi guraldy.

Continue reading Aşgabatda halkara ylmy maslahat geçirildi at inAshgabat.

[ajax_load_more id="7660182157" css_classes="myclass" loading_style="infinite classic" container_type="div" offset="2" post_type="post" category="habarlar "]