«The Sun» gazetiniň habaryna görä, 1971-nji ýylyň 31-nji ýanwaryndan 6-njy fewraly aralygynda «Apollon 14» atly kosmos gämisinde Aýa uçan kosmonawt Alan Şepard Aýda ýitirilen iki sany golf toplarynyň 50 ýyl soňra tapylandygyny habar berdi. 50 ýyl soňra bolsa bu topy hünärmen Endi Sonders tapýar.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bu ýagdaý bilen bagly sowallara kosmanawt Şepard şeýle jogap berdi. Ýagny, özüniň jorabynda gizlin halda birnäçe golf topuny Aýa alyp gaýdýar. Golf taýajygyna derek toprak gazylýan enjamy ulanypdyr. Şepard  oýun pursadynda elindäki taýak bilen iki urgy edendigini, topyň birinjisi çukurjygyň içine girendigini, ikinjisiniň bolsa birnäçe kilometrlik uzaklyga gidendigini öňe sürdi.