Ariana Grande «Positions» albomyny ilkinji gezek 2020-nji ýylyň oktýabr aýynda diňleýjilerine ýetirdi. Meşhur aýdymçynyň bu albomy «Billboard 200» sanawynda ilkinjileriň hataryny eýelän bäşinji albom boldy.

Meşhur aýdymçy Ariana Grande iň soňky albomy “Positions”-yň deluks görnüşini çykardy. Amerikaly 28 ýaşly aýdymçynyň “Positions” atly albomynda bäş sany täze aýdym bar. Bu albomda Grandeniň Megan Ti we Doja Ket bilen bilelikde ýerine ýetiren 34 + 35 aýdymynyň remiksi hem bar. Olar bu aýdymyň geçen hepde remiks üçin klipini hem düşürdiler.

Ariana Grande hakynda gysga maglumatlar

Amerikaly aýdymçy Ariana Grande 1993-nji ýylyň iýun aýynyň 26-syna ABŞ-nyň Florida ştatynda dogulýar. Ol aýdym-saz kariýerasyna 2008-nji ýylda 15 ýaşynyň içinde başlaýar. Ariana Grande aýdym-saz äleminiň «Gremmi» ýaly abraýly baýraklaryna mynasyp bolup, onuň aýdymlarynyň birnäçesi Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girmegi başardy. Bu bolsa, ýaş aýdymçynyň döredýän aýdymlarynyň hakykatdan-da diňleýjiler tarapyndan gyzgyn garşylanýandygyny görkezýär. Ariana Grandeniň «Thank you next», «7 Rings» ýaly birnäçe aýdymlary ýaş diňleýjileriň arasynda meşhurlyga eýe bolmagy başardy.