Fransiýanyň günortasyndaky gowaklaryň birinden 1931-nji ýylda tapylan we öz döwründe saz guraly hökmünde ulanylan balykgulakdan 17 müň ýyldan soňra ajaýyp owaz alyndy. Degişli synaglary geçirip gören hünärmenler onuň iň gadymy üflenip çalynýan saz gurallarynyň biri bolmagynyň ähtimallygyny öňe sürýärler.

Saz balykgulakdaky nokada meňzeş yşaratlaryň kömegi bilen çalyndy.

Balykgulagyň uzynlygy 31, ini bolsa 18 santimetre ýetýär. Alymlar onuň ses çykaryp bilijilik mümkinçiliklerini öwrenip, owazy ýörite agyzlygyň kömegi bilen aldylar. Ol balykgulagyň bir ujunda ýerleşýär. Beýleki ujundaky dilikler bolsa heň almaga kömek etdi.

Sorbon uniwersitetiniň alymy Filipp Wolteriň aýtmagyna görä, balykgulakdan kämil saz guraly ýasalypdyr. Oňa häzirki zaman ylmy hem haýran galýar.