Durmuşdaky iň uly kynçylyklaryň biri, sizi beýlekiler ýaly etmäge synanyşýan dünýäde, özüňiz bolmakdyr.

Tejribe geçirmek maksady bilen alymlar 5 sany maýmyny  gözenege saldylar, kapasanyň  merkezinde  merdiwan goýup, onuň  gutaran ýerinde bolsa  banan  goýupdyrlar. Bir maýmyn her gezek merdiwana çykanda, alymlar maýmynlaryň galan böleginiň üstünden sowuk suw guýup ezýärdiler. Biraz wagt geçenden soňra, maýmynlaryň biri merdiwana  çykjak bolanda, beýlekiler ony urýardylar. Birnäçe wagtdan soň, maýmynlaryň hiç biri synaga garamazdan merdiwana çykmaga het edip bilmändirler. Soňra alymlar maýmynlaryň birini çalyşmak kararyna gelipdirler. Garaşylyşy ýaly, täze maýmyn  derrew banana tarap ýöneldi  we galanlary ýene-de öňki bolşy ýaly ony urupdyrlar. Birnäçe gezek urulandan soň, bu täze agza asyl sebäbini hiç wagt öwrenmese-de merdiwana çykmazlygy tiz öwrenipdir. Soň ikinji maýmyn getirildi we şol bir zat gaýtalandy. Şeýlelikde birinji maýmyn ikinji maýmynyň urulmagyna gatnaşypdyr.

Çalyşmalar, diňe 5 sany  maýmyn topary  galýança dowam etdi. Maýmynlaryň täze topary hiç haçan sowuk suwa ezilmeselerem, merdiwana çykmaga synanyşan maýmyny urmagy dowam etdirdiler. Täze maýmynlaryň haýsydyr birinden  urulmagynyň sebäbini sorasaňyz, jogap:

“Nä bileýin? Meniň pikirimçe, bu ýeriniň däbi  şeýle !” diýer.  Eger siz ýene-de öňki edilen işleri  hemişe bolşy ýaly dowam etdirseňiz, dünýäde hiç wagt hiç zady üýtgedip bilmersiňiz. Beýlekilerden tapawutly  bolmak üçin  Dünýä täsir edip biljek üýgeşiklik dörediň. Yzyňyzda yz galdyryň.

Taýýarlan Merjen Atagarryýewa,

Halkara ynsanperwer  ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.