Hamyryny taýýarlamak üçin:

  • 14 sany ýumurtga
  • 3 stakan şeker
  • 4 sany gabartma tozy
  • 4 bulgur un

Kremini taýýarlamak üçin:

  • 1 litr bişen süýt
  • 5 sany mesge
  • 2 bulgur şeker
  • 5 nahar çemçesi un
  • 2 nahar çemçesi kakao
  • 2 nahar çemçesi goýaldylan süýt.

Bellik: baýramçylyk tortunyň 4 gat çörekleriniň arasyna çalmak üçin goşmaça goýaldylan süýt gerek bolar.

Şerebeli suw üçin:

  • 1 käse suw
  • 2 nahar çemçesi şeker

Hamyryny taýýarlanyş usuly:

7 sany ýumurtganyň agyny sarysyndan aýyryp, agyny bir gaba, sarysyny başga bir gaba guýmaly. Ýumurtganyň agyny mikseriň kömegi bilen gowy edip garmaly. Üstüne 1.5 bulgur şeker goşup, ýene bir gezek garmaly. Soňra hälki aýratyn gapda duran ýumurtganyň sarysyny gowuja garyp, başdaky garyndymyza goşup, ýene-de mikser bilen garmaly. Soňra aýratyn bir jamyň içinde 2 bulgur un bilen 2 sany gabartma tozuny çemçe bilen gowuja garyşdyryp, ýumurtgaly garynydynyň üstüne goşmaly we ýene bir gezek çemçe bilen garmaly. Garyndynyň içinde hiç hili digir galmaly däldir. Howurpejiň sajyny ýaglap, garyndymyzy guýmaly we gyzarýança bişirmeli. Baýramçylyk  tortumyzyň çöregi bişen soň, ony saçdan çykaryp biraz sowatmaly. Sowanyndan soň ulurak pyçagyň kömegi bilen ony böwründen ikä bölmeli. Şeýlelik bilen, tortumyzyň iki gat çöregi taýýar boldy. Şu herketleri gaýtalap, baýramçylyk tortumyzyň ýene-de 2 gat çöregini taýýarlamaly. Tortumyz jemi 4 gat çörekli bolmaly. Çörekleri tegelek forma getirmek üçin pyçagyň kömegi bilen gyralaryny kesişdirip, deňlemeli. Çöregiň owuntyklaryny bolsa bir käsä salyp, soňra torta sepmek üçin aýyryp goýmaly.

Kremiň taýýarlanyş usuly:

Bir gabyň içinde 2 bulgur şeker bilen 5 nahar çemçesi uny garmaly. Onuň hem üstüne 1.5 käse süýdi az-azdan guýup, edil süzme çalnan ýaly edip, gowuja garmaly. Galanja süýdi pitiniň içine guýup, ony hem pessejik ýanýan oduň üstünde goýmaly. Süýdüň üstüne garyndymyzy guýmaly we ony gowuja goýalýança, ýagny kreme öwrülýänçä (30min) garyp durmaly. Krem taýýar bolansoň, ony otdan aýyryp sowatmaly. Soňra bir jamyň içinde 2 gap mesgäni mikseriň kömegi bilen garmaly. Ýene bir jamyň içinde 3 gap mesgäni garmaly. Iki jamdaky mesgäniň her haýsynyň üstüne nahar çemçesiniň kömegi bilen gezekleşdirip, hälki kremden guýmaly. Soňra her jamyň içine bir nahar çemçesi goýaldylan süýdi guýmaly we mikseriň kömegi bilen gowuja garmaly.

Indi bolsa garyndylaryň haýsam bolsa birine kakao goşmaly. Eger siz  şokoladly kremi gowy görýän bolsaňyz, onda kakaony 3 sany mesge goşulan jama goşup bilersiňiz. Eger-de ak kremi gowy görýän bolsaňyz, onda kakaony 2 sany mesge goşulan jama goşup bilersiňiz. Ol siziň öz islegiňize görä.

Şerebeli suwuň taýýarlanyş usuly:

1 käse suwa 2 nahar çemçei şeker goşup, gaýnatmaly we sowatmaly.

Hälki taýýar bolan 4 gat tort çörekleriniň birini alyp, üstüne şerebeli suwdan çalaja sepelemeli we 3 nahar çemçesi goýaldylan süýdi çalmaly. Soňra tort çöreginiň üsti gowy edip ýapylýança hälki kremden guýmaly, çalmaly. Şu hereketleri gaýtalap tortumyzyň 4 gat çörekleriniň ýüzüni (ak we şokoladly kremi gezekleşdirip) kremlemeli. Soňra, torta sepmek üçin aýyrylyp goýulan çörek owuntyklaryny tortuň gyralaryna deň düşer ýaly edip sepelemeli.

Islege görä tortuň ýüzüne şokolady eredip, çalyp bilersiňiz. Işdäňiz açyk bolsun!

Beýleki tagamlaryň hem taýýarlanyşyny okaň!

Ekler

Polýak kökesi

Gatlakly tagam

Garnirli ak tüwi

Süýjüli pişme

Limonly pirog

Glýasseniň öý şertlerinde taýýarlanyş usuly

Şugundyr mürepbesi