Işjeň durmuş ýörelgesi, dogry hem-de wagtly-wagtynda iýmitlenmek, bedendäki suw deňagramlylygyny saklamak bedenimiziñ işjeñligine täsir edýän madda çalşygyny (metabolizmi) çaltlandyrmagyň täsirli ýollarydyr. Şeýle-de artykmaç agramdan dynmagyň esasy açary hem “çalt” metabolizmdir. Bu ýörelgeleriň üstüne şu aşakdaky iýmitler hem goşulsa, has-da jaýdar boljakdygy öňe sürülýär:

Sitruslar

Bularda kaloriýa az, bedene aňsatlyk bilen siňýär, ýaramly azyklyk hökmünde peýdaly, ganyň insulin derejesini kadalaşdyrmaga, immuniteti ýokarlandyrmaga kömek edýär.

Alma

Witaminlere baý bolan alma bedende metabolizmi, immuniteti güýçlendirýär. Şeýle-de ol gandaky gemoglobiniň hem möhüm düzüm bölegi bolup durýan demiriň hem çeşmesidir.

Kofe

Şekersiz täze demlenen gara kofeniň azajyk mukdary hem bedende geçýän madda çalşygyna çalt täsir edýär.

Ýaşyl çaý

Bu çaý öz agramyna gözegçilik edýänleriň esasy içgisidir. Ony irden ýa-da arakesmede içseň işdäňi peseldýär, açlygy azaldýar, iýmit-siňdiriş ulgamyny işjeňleşdirýär, bedenden toksinleri çykarýar.

Balyk

Düzüminde köp mukdarda belok saklanýar, omega-3 ýag kislotasynyň hem möhüm çeşmesidir, ol bolsa madda çalşygyny çaltlandyrýar.

Awokado

Bu miwe sagdyn iýmitlenmegiň tarapdary bolan her ynsanyň söýgüli miwesidir. Beden üçin zerur bolan aminokislotalary, L-karnitini saklaýar.

Brokkoli

C witamini, kalsiý elementini köp mukdarda saklaýar, kaloriýalylygy pes, süýümlere baý, berhiz saklaýanlar üçin has-da gerekli iýmit.

Ysmanak

Iýýän tagamlaryňyza ysmanak goşup madda çalşygyny güýçlendirip bolýar, ol gan öýjüklerini kislorod bilen üpjün edýär, B witaminiň ýetmezçiliginiň öwezini dolýar, bedendäki toksinleri çykarýar.

Däne we däne önümleri

Ähli däneliler (bugdaý, süle, çowdary we ş.m) sagdyn iýmitlenmegiň zerur önümleridir, ýokumly maddalary, uglewodlary köp saklaýarlar, insuliniň derejesini kadalaşdyrýar. Olary iýmegiň iň amatly wagty günüň birinji ýarymydyr.

Hozlar

Doýmadyk organiki kislotalar, beloklara baý, iýmit-siňdirişine ýaramly täsir edýär, uzak wagtlap açlyk duýgusyny azaldýar, uzak wagtlap saklamaklyga hem amatly.

Baýrammyrat Gurbanmyradow,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk

uniwersitetiniň talyby.

 

Ady dünýä meşhur türkmen halysy

[ajax_load_more id="7660182157" css_classes="myclass" loading_style="infinite classic" container_type="div" offset="2" post_type="post" category="habarlar "]