“Mahym jan”, “Kim kim?”, “Senmi ýa menmi?”, “Diňe sen”, “Ejem jan”, “Ykbalymmy ýar?!”, “Ýyldyzym bolaý!”, “Daksana bilezik”, “Ýollar aýry”, “Duý meniň ýüregimi!”, “Kim günäli?!” ýaly aýdymlary bilen ýaşlaryň söýgüsini gazanan zehinli aýdymçy Begmyrat Annamyradow barada maglumatlar bilen tanyşmak megerem hemmeler üçin gyzykly bolsa gerek.

Begmyrat Annamyradow 1983-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Mary şäherinde dünýä inýär. Ol orta bilimi Mary şäheriniň 6-njy orta mekdebinde alýar. Maşgalasynda bir ogly, bir gyzy bar. Gyzy Aýşa 8-nji synpda, ogly Aýhan 6-njy synpda okaýar.

Begmyratdan aktýor bolmak bilen aýdym aýtmagyň tapawudy barada söhbetdeşlikde şeýle diýip belläp geçýär: «Kinofilme surata düşmegiň täsiri düýbünden başgaça. Onda başga bir şahsyýetiň keşbine girmeli. Gahrymanyň häsiýetini tomaşaça ýetirjek bolmaly. Aktýor bolmagyň kynçylygy hem şonda. Muňa garamazdan, başga käri saýlamaly bolsa aktýor bolardym. Sebäbi kinofilmlerde keşp janlandyrmak çagalykdan arzuwymdy. Ilkinji gezek “Maýagözel” kinofilminde baş keşpde surata düşdüm. Bu kinofilmde janlandyran keşbimiň, onda ýerine ýetiren “Sen gerek” atly aýdymymyň tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanmagy aktýorlyga höwesimi hasam artdyrdy. Mundan başga-da “Türkmen owazy” teleýaýlymy tarapyndan surata düşürilen “Çepbäniň toýy”, “Bagt eken bagtyňa garaşmak”, “Bagta barýan ýollar” atly telefilmlerde keşp janlandyrmak miýesser etdi». Begmyrat Annamyradow bilen gyzykly söhbetdeşligi okamak isleseňiz şu ýere basyň.

Beýleki söhbetdeşlikleri hem okaň:

Leýli Ökdirowa – Ýylyň parlak ýyldyzy

Azat Dönmezow: Lukman ýa-da uçarman bolardym

Gözel Öwezowa – Maýa Kulyýewanyň ýeke-täk şägirdi