Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi, Berdi Kerbabaýew 1894-nji ýylyň 15-nji martynda Tejen etrabynyň Gowkyzereň obasynda eneden bolýar. Doganlarynyň arasynda iň düşbüjesi bolany üçin Berdiniň kakasy molla edip ýetişdirmegi ýüregine düwýär we ony köne mekdebe okuwa berýär. Geljekki ýazyjy ilki oba mekdebinde, Soňra Tejen, Kaka, Gorjaw, Buhara medreselerinde okaýar. Ol ýaşlykdan çeper edebiýat bilen gyzyklanýar we Magtymgulynyň, Keminäniň, Seýdiniň, Zeliliniň, Mollanepesiň, Ferdöwsi, Nyzamy, Jamy, Nowaýy ýaly Gündogaryň söz ussatlarynyň eserlerini ürç edip okaýar. Okan eserleriniň täsiri bilen onda çeper döredijilige bolan höwes oýanýar. Onuň «Iç ýene-de, iç ýene» goşgusy 1923-nji ýylda «Türkmenistan» gazetinde çap edilýär. Bu onuň metbugatda çap edilen ilkinji eseridir.

B. Kerbabaýew 1927-nji ýylda Sankt-Peterburguň (öňki Leningrad) Gündogary öwreniş institutyna okuwa gidýär. Emma saglyk ýagdaýy sebäpli okuwy doly tamamlap bilmeýär. Şeýle-de bolsa, onuň Sankt-Peterburgda, Moskwada iri medeni edaralar bilen tanyşmagy, rus dilini öwrenmegi, rus klassyky edebiýatyny okap ugramagy döredijilikde kämilleşmegine ýardam edýär.

B. Kerbabaýew şahyr, prozaçy, dramaturg, terjimeçi we publisistdir.

Berdi Kerbabaýew «Gyzlar dünýäsi», «Ýaz möwsüminde bir gözel», «Kepän dodak», «Amyderýa», «Aýlar» ýaly ençeme poemalaryň we dürli temalarda ýazylan goşgularyň awtorydyr. «Amyderýa» poemasy onuň şowly çykan eserleriniň biridir.

B. Kerbabaýew «Göterim», «Hüýrlukga — Hemra», «Watan ogly», «Magtymguly» ýaly birnäçe pýesalary döretmek bilen, türkmen milli dramaturgiýasyna hem öz goşandyny goşdy.

B. Kerbabaýew ýaşlaryň hem, çagalaryň durmuşynda ençeme eserleri döretdi. Ýazyjynyň «Batyr», «Yhlasa — myrat», «Çekişmän — bekişmez» ýaly eserleri çagalaryň söýüp okaýan kitaplaryna öwrüldi.

Berdi Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» romany hem onuň döredijiliginiň naýbaşy eserleriniň biridir.

XX asyr türkmen edebiýatynyň ösüşine uly goşant goşan halypa ýazyjy Berdi Kerbabaýew 1974-nji ýylda aradan çykdy.

Bellik: Makala umumy orta bilim berýän mekdepleriň türkmen edebiýaty kitaby esasynda taýýarlandy.

Şahsyýetler sahypamyzdaky makalalary aşakdaky «hatlara» basyp okap bilersiňiz!

Nury Halmämmedow: Sungatdan söz açyp

Maýa Kulyýewa — türkmeniň şeýda bilbili

Şahyr Gara Seýitliýewi ýagşylykda ýatlap

Nurmyrat Saryhanow (1906-1944)

Beki Seýtäkow (1914-1979)

Gurbandurdy Gurbansähedow (1919-1992)

[ajax_load_more id="7660182157" css_classes="myclass" loading_style="infinite classic" container_type="div" offset="2" post_type="post" category="habarlar "]