Şu gün Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde ýerleşýän dünýäniň iň beýik binasy bolan Burj Halife binasynyň gurlup ulanylmaga berilenine 11 ýyl doldy. Binanyň gurluşygy 2004-njy ýylyň 6-njy ýanwarynda başlap, 2009-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda tamamlandy. 2010-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda bolsa doly açylyp ulanylmaga berildi. Bina 2009-njy ýyldan bäri dünýäniň iň beýik binasy hasaplanýar. Burj Halife binasy 154 gatdan ybarat. Binanyň gurluşygynda esasan demir-beton, polat we alýumin ýaly gurluşyk serişdeleri peýdalanyldy. Binanyň beýikligi 828 metre barabardyr. Burj Halife binasynyň çäkleri hem döwrebaplaşdyrylandyr. Şeýlelikde Burj Halife binasy Dubaýa gelýän jahankeşdeleriň  ilkinji düşelgesi hasaplanylýar.

Dünýäniň iň beýik binasy hasaplanylýan Burj-Halife binasynyň ýüzünde türkmen baýdagynyň şekili birnäçe gezek janlandyryldy. Bu waka Täze ýyl baýramçylygynyň bellenýän gijesinde hem emele geldi. Dünýäniň iň uly binasynda “Täze ýylyňyz gutly bolsun!” diýlip türkmen dilinde gutlag ýazgysynyň şeýle hem türkmen Tugunyň şekiliniň emele gelmeginde uly many bar.

Soňky 2 ýyldan bäri Dubaý şäherindäki Burj-Halife binasy ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlyk günlerinde Türkmenistanyň baýdagynyň reňkinde öwüşgin atýandygyny hem aýratyn bellemegimiz gerek.

Mälim bolşy ýaly, BAE bilen Türkmenistanyň arasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça ösdürilýär. Iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejede geçirilýän ikitaraplaýyn  duşuşyklarynyň çäklerinde netijeli gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek boýunça degişli çözgütler kabul edilýär. Şeýlelikde, dost-doganlyk, birek-birege ynanyşmak, özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň ösdürilýändigini her ädimde görmek bolýar.

Türkmenistanyň döwlet baýdagynyň şekiliniň bu binanyň ýüzünde janlandyrylmagy Birleşen Arap Emirliklerinde biziň ýurdumyza we Hormatly Prezidentimize bildirilýän belent sarpanyň ýene bir subutnamasyna öwrüldi.