Her ýylyň 16-njy oktýabry Bütindünýä çörek güni we aşpezler güni giňden bellenilip geçilýär. Bu sene 2006-njy ýylda Halkara çörek bişirijiler birleşiginiň başlangyjy bilen döredildi. Bu senäniň saýlanmagy, 1945-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň, Azyk we Oba hojalygy guramasynyň döredilmegi bilen baglanyşykly. Bu gurama oba hojalygynyň ösüşi we önümçiligi meselelerini çözmek bilen meşgullanýar.

Dünýäde iň meşhur iýmitleriň biri, elbetde çörekdir. Çöregiň taryhy birnäçe müňýyllyklardan öz gözbaşyny alyp gaýdýar.
Ylmy barlaglara görä, ilkinji çörek önümleri takmynan 8 müň ýyl mundan ozal peýda bolupdyr.

Continue reading Bütindünýä çörek güni at InAshgabat.