«Oňarsaň bar zady oňatlyga ýor…»
Oňarsaň,
bar zady oňatlyga ýor,
Belki-de, ýorgudyň ýerine düşer.
Ikibaşdan, gündogarda gün dogar,
Ikibaşdan, günbatarda gün ýaşar.
***
Ikibaşdan, ýigreniler, söýüler
Kimse ýere gider, kim dörär ýerden.
Ikibaşdan, biziň...
Dünýä juda mätäç merde
Dünýe juda mätäç merde,
Derman bolup ýara derde.
Alkyş, sogap ýatmaz ýerde,
Kasas galmaz kyýamata.
***
Guly bolma men-menligiň,
Ýokdur diýme, bardyr kemiň.
Dag ýarýanam bolsa demiň
Mätäçsiň sen...
Artykmaçlyk
«Artykmajam boljak bolmaň illerden».
G.Ezizow.
Aýryň özüňizden artyk zatlary,
Dostlarňyzyň kem ýerini doluň siz.
Ýersiz-ýere özgä ige sürtemäň,
Ilki bilen, özüňizi ýonuň siz.
***
Gylygňyzdan artyk zatlary aýryň,
Keme...
Säher turup, syl ýüzüňe çagaňy
Säher tutup, syl ýüzüňe çagaňy,
Päkligiňden bolup bilseň şonça bol.
Sen sanama gara saçyň agyny,
Sen sag-aman öreniňe monça bol.
***
Biz hemmämiz şatlyk üçin doguldyk,
Şoň...
Myhmançylykda aýdylan tost
Entek sadalykdan zyýan çeken ýok,
Sada bolsun, ogulyňyz, gyzyňyz.
Geçsin ýazlaryňyz hereket bilen,
Bereketli gelsin, tylla güýzüňiz.
***
Törüňizde hemişelik guralan
Ýumşak sallançagyň ýatmasyn bady.
Saçagňyzda çörek, duzhaltada...
«Söýýän güýz paslyny …»
Söýýän güýz paslyny,
Sarylygyny,
Göwnüme hoş ýakýar onuň pres päli.
Ölüm bilen ömrüň aralygyny
Ölçemeli ýaprak şahada häli.
***
Ýöne, ine,
Sowuk şemal öwüser,
Şonda birden şahasyndan täner ol.
Ol...
Güýz gijesi
Ýakanok köňüle güýzüň şemaly,
Noýabr gyş geljegini buşlady.
Ikinden kölgeleň uzaýşy ýaly,
Ýene-de gijeler uzap başlady.
***
Kelläňi sokmaga tapaňok deşik,
Nädip geçirmeli soňsuz gijäni.
Ýa keýwanyň bilen...
Güýz peýzažy
Şeýle bir çuň güýz gününiň peýzažy,
Bu görnüşi diňe dana okýandyr.
Küteldipdir Günüň tylla tyglaryn
Üçünji ongünlüginde oktýabr.
***
Baryp gözýetimiň sütünne çenli
Sähra sary donun bürenip...
Söýgi bilen kämillik
Söýgüň nämedigini bilýän adam ýok,
Ýöne men şonda-da bir zada belet:
Söýmek üçin söýülmegiň gerekdir,
Söýülmegiň üçin söýmegiň gerek.
***
Kyn däldir “Söýýärin, söýýärin!” diýmek,
Söýdürmegi bolsa...