Türkmen halky toýdur baýrama baý halk. Ol her bir toýuny uludan belleýär. Türkmen toýunda saçaklar giňden açylýar. Dürli naz-nygmatlar bişirilýär. Toý saçagynyň esasy bezegi, naz-nygmatlaryň seresi hem çelpek bilen gatlama hasaplanýar. Türkmen toýuny olarsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Toý saçagymyzyň esasy bezegi bolan çelpekdir gatlamanyň öz döreýiş taryhy bar. Halk arasynda şeýle rowaýat bar.

Toýa barsaň guwanarsyň her zaman,

Gatlama hem çelpegiňe bakaňda.

Türkmeniň ilinde şeýle gürrüň bar,

Bu tagamlaň döreýişi hakynda.

Gadym döwürlerde iki dost ýaşapdyr. Olaryň biri örän baý, beýlekisi bolsa garyp eken. Dostlaryň örän owadan, akylly gelinleri bolupdyr. Bir gün baý oglan dostuna: “Gel, biz gelinlerimizi bäsleşdireli. Goý, olar bize entek dünýäde ýok tagamy bişirip bersinler” diýipdir. Garyp oglan razylaşypdyr. Ol öýüne gelip, gelnine bolan ýagdaýy aýdyp beripdir-de, tagam bişirmegi tabşyrypdyr. Garybyň aýaly çuwalyna seretse, bir goşawuç un, golçasyna seretse azajyk ýag bar eken. Ol biraz oýlanypdyr-da, ýan-ýoldaşynyň ýüzüni gyzartmazlyk üçin tagam bişirmäge başlapdyr. Barja undan hamyr edipdir. Eden hamyryny “ajatman” kiçijik edip böleklere bölüpdir. Soňra ony tegelekläp, edil kagyz ýaly ýuka edip ýaýypdyr. Gyzyp duran gazanyň içine ýag sepeläp, tegelekläp ýaýan hamyryny salyp, üstüne azyrak ýag sepeläp, ýene birini salyp, ýene ýag sepeläp bişirmäge başlapdyr. Garybyň gelni uny, ýagy az bolsa-da, bar zadyndan tagam bişiripdir.

Baýyň gelniniň çuwalynda uny, golçasynda ýagy köp eken. Ol köp edip hamyr edipdir. Eden hamyryny biraz wagt üstüni basyryp goýupdyr. Soňra ony galyň edip ýaýypdyr. Ýagy gyzyp duran gazana galyň edip ýaýan hamyryny salyp, bişirmäge başlapdyr. Gelinleriň ikisiniň hem bişiren tagamlary  taýýar bolupdyr. Gelinler bişiren tagamlaryny halka hödürläpdirler. Adamlar ony dadyp görüp: “Bu nähili üýtgeşik tagam?” diýipdirler. Şonda märekäniň arasyndan bir ýaşuly çykyp:

— Geliň, biz gelinlerimiziň bişiren tagamlaryna at bereliň – diýipdir. Ýaşuly garybyň gelnini görkezip: “Bu gelniň bişiren tagamyna çelpek diýip at bereliň” diýipdir. Baýyň gelnini görkezip: “Bu gelniň bişiren tagamynyň ady gatlama bolsun. Goý, gatlama bilen çelpek mundan beýläk toýlarymyzda bişirilýän esasy tagam bolsun” diýip, ýaşuly sözüni jemläpdir. Ine, şondan bäri türkmen toýlarynda gatlama bilen çelpek bişirilip, toý saçagyny bezäp gelipdir.

Biziň häzirki günlerimize çenli gymmatlygyny saklap gelen, toý-baýramlarymyzda süýji nygmatlaryň arasynda mynasyp orny bolan çowdur gatlamasynyň taýýarlanylyşy ýokary sungat derejesine eýedir.

Çowdur gatlamasy esasan-da, Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynda arzyly nygmatlaryň biri hasaplanýar. Ol gelin toýlarynda guda iberilýän dokuz dürli saçagyň biri bolup durýar. Çowdur gatlamasyny taýýarlamak uly ünslüligi, çalasynlygy talap edýär. Süýt, ýumurtga goşulyp, gowy ýugrumy ýetirilen hamyry el demini iýýänçä basyryp goýýarlar. Soňra ol böleklere bölünip, ýukajyk ýaýylýar. Bir gatlama üçin gatlak sany bäşden az edilmeýär, eger ol gelin alyjy saçaga niýetlenýän bolsa, onda gatlaklaryň sany hökman dokuz edilýär.  Bu dokuzy düzüw bolsun, önüp-össünler diýen manyda yrym edilýär.

Gatlaryň arasyna mal ýagy we saryýag garylan çigit ýagyny çalýarlar we dolap, tegelek görnüşe gelýänçä el bilen basyşdyryp, barmakda gyralaryny büküp, özboluşly şekil berýärler. Gatlama oklawda ýaýylmaýar, sebäbi oklaw gatyrak bolup, onuň içiniň açylmagyna päsgel berýär.

Gatlama köp ýagda, aralyk otda, uzagyndan bişirilýär. Iki tarapy-da gyzaryp, gowy bişensoň ýagdan çykaryp, üstüne şeker sepilýär.

Gatlama – ýeriň üstüni, gatlary – ýeriň gatlaklaryny, onuň üstündäki şeker bolsa, süýji we gözel durmuşy aňladypdyr.

Güneş ýaly tegelenip, ýüzi ak gar ýaly öwşün atyp duran çowdur gatlamasy biziň milli baýramlarymyzyň, ýagny, akgoýun, sünnet, gelin, goňşokaradyr beýleki toý-baýramlaryň naýbaşy nygmaty we bezegi hökmünde aýratyn gymmata eýedir.

Orazbibi Orazowa,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.