Şu ýylyň maý aýynda Singapurda gurnalmagy göz öňünde tutulan Bütindünýä ykdysadyýet forumy koronawirus ýokanjy sebäpli yza süýşürildi. Forumyň 17-20-nji awgustda geçirilmegi göz öňünde tutuldy.

Her ýyl ýanwar aýynda Şweýsariýada geçirilýän Bütindünýä ykdysadyýet forumy ýa-da Dawos forumy hökmünde tanalýan sammit awgust aýynda Singapurda geçiriler.

1971-nji ýyldan her ýyl ýanwarda Şweýsariýanyň Dawos şäherçesinde geçirilýän bu forumyň möhleti ýene-de yza süýşürildi.

Bütindünýä ykdysadyýet forumynyň beren beýanatynda forumyň täze möhletiniň bellenilendigi mälim edildi.

2021-nji ýyldaky Dawos sammitiniň COVID-19 ýokanjy sebäpli 25-28-nji maýda Singapurda meýilleşdirilendigi aýdylýan beýannamada epidemiýanyň häzirki ýagdaýynyň sammitiň wagtynyň üýtgemegine getirendigi nygtaldy. “Häzirki global syýahat çäklendirmeleri ýylyň birinji ýarymynda ýüzbe-ýüz duşuşmagy meýilleşdirmegi kynlaşdyrdy” – diýlip beýannamada bellenilýär.

Bütindünýä ykdysadyýet forumy 25-29-njy ýanwarda 1500-den gowrak işewür, syýasatçy, akademik we 70 ýurtdan hökümete degişli bolmadyk guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda “Dawos gün tertibi 2021” atly çäräni onlaýn ýagdaýda gurapdy.