— Sen näme üçin egin-eşikleriň bilen suwa düşýäň?

— Şeýtmek bilen men hem özüm ýuwunýan, hem eşiklerimi ýuwýan.

— Näme siziň kir ýuwýan maşynyňyz ýokmy?

— Bar, ýöne, oňa girsem başym aýlanarmyka diýýän.

* * *

Futbola gijä galyp gelen ýigit, tomaşaçylaryň arasyndan dostuny tapyp, onuň ýanyna barýar.

— Dost, men biraz gijä galdym, hasap näçe? – diýip, soraýar. Dosty:

— Iki nol.

Ýaňky ýigit ýerine geçip oturansoň tablo seredýär. Görse hasap 0:0 eken. Ol dostuna ýüzlenip, oňa tablony görkezýär. Onda dosty tablodaky hasaby eli bilen görkezip:

— Aýtdyma men, hasap iki “0” – diýýär.

* * *

— Men aýalym bilen eýýäm bir ýarym ýyla golaý wagt bäri gürleşemok.

— O näme üçin?

— Onuň sözüni bölesim gelenok.