«Deňiz guşum» aýdymyny köpümiz bilýändiris. Bu aýdymyň döreýişini bilmek üçin aýdymyň awtory, şahyr Allaýar Çüriýewiň ýanyna baranymyzda ol bize şeýle gürrüň berdi.

Özboluşly bagşy Döwletgeldi Ökdirow birnäçe aýdym hem döretdi. Biz onuň bilen obadaş. Ol belent adamkärçilikli, zehinli kompozitordy. Ol ömrüniň ahyrynda agyr keselledi. Bir gezek ony soramaga baranymda, ol şeýle diýdi:

«Oglanlar göwnümiň näme isleýänini soraýarlar. «Tapyp bereli» diýýärler. Men olardan hoşal» diýip ýylgyrdy. Näçe gynansak-da, şondan kän wagt geçmänkä, şol kesel sebäpli dünýäsini täzeledi. Aradan birnäçe wagt geçenden soň bir gün öýümize onuň inisi, alym mugallym Alyhan geldi. Eli dutarly. Ol Döwletgeldiniň heniz diňleýjilere ýetirilmän galan sazlarynyň bardygyny nygtap, bir sazynyň goşgusyny «Allaýar ýazsyn» diýip tabşyrandygyny aýtdy. Alyhan şol sazy çalyp berdi. Saz özboluşlydy. Alyhan bu sazy Döwletgeldiniň deňiz guşy bilen baglanyşdyrandygyny aýtdy. Biz bu aýdymyň goşgusynyň nähili bolmalydygy hakda pikir alyşdyk. Soň pikirimi jemläp, kagyz-galam alyp, goşgyny ýazmaga oturdym.

Deňiz guşum, deňiz guşum,

                                        Aýt, nireden geldiň çöle?

                                        Azaşdyňmy, çarlak guşum,

                                        Ýör, gideýli biziň ile.

Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýewiň «Deňiz guşum» atly eseri.

     Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýew «Deňiz guşum» aýdymy bilen baglanşykly eseriň üstünde işläpdir. Bu esere onuň yhlasy siňipdir. 2008-nji ýylda Saragt Babaýewiň 60 ýaşy mynasybetli ýubileý sergisi geçirildi. Şol sergide heýkeltaraşyň ýüzlerçe  eserleriniň arasynda «Deňiz guşum» atly işi mynasyp orun tutupdyr. Muňa men diýseň begenipdir. Eserde Döwletgeldi Ökdürowyň eli dutarly düşekde ýatyr, onuň başujunda bolsa, ömrüniň soňky pursatyny aňladýan ýas şekili bar. Bagşynyň ýanynda oturan kagyz-galamly şahyr bolsa bagşynyň aýagujuna gonan täsin guşa ünsli seredip otyr. Suratkeş eserinde bu aýdymyň kompozitoryny, sözlerini döreden şahyry, aýdymyň baş gahrymany – deňiz guşy çeper janlandyryp bilipdir.