«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň «Derýaýollary» önümçilik birleşiginiň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, paýdarlar jemgyýetine öwürmäge ygtyýar almak baradaky mesele boýunça hasabat berildi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde bellenilip geçildi. Bu barada “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtynda aýdylýar. 

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” çäklerinde pudakda döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak işi dowam edýär.

Şunuň bilen baglylykda, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi tarapyndan garamagyndaky “Derýaýollary” önümçilik birleşiginiň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, seljerme işleriniň geçirilendigini, netijede bu birleşigiň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, paýdarlar jemgyýetine öwürmek boýunça teklipleriň taýýarlanylandygy bellenildi.

“Türkmenderýaýollary” paýdarlar jemgyýetini esaslandyryjylar hökmünde paýly gatnaşmakda “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty hem-de “Deňiz söwda floty” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti çykyş ederler.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda soňky ýyllarda ulag geçelgelerini ösdürmek boýunça giň gerimli işleriň geçirilýändigini belledi. Munuň özi Türkmenistanyň yklymyň möhüm üstaşyr merkez hökmündäki ähmiýetini has-da artdyrmaga ýardam edýär. Şeýle hem sebitiň durmuş-ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmak, onuň ulag-logistika düzümini giňeltmek üçin şertleri üpjün edýär.

Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň pudaklaýyn düzümini döwrebaplaşdyrmagyň, iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň zerurdygyny nygtady.

Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz ulaglaryň ähli görnüşlerinde ýolagçylary gatnatmak we ýük daşamak ulgamynda hyzmatlaryň hiliniň ýokarlandyrylmagyna gözegçiligi güýçlendirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Ulag toplumyny ösdürmek meseleleri mundan beýläkde biziň syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda bolar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň doly kuwwatyna çykarylmagy Merkezi Aziýa we Hazar sebiti üçin strategik ähmiýete eýedir.

Döwlet Baştutanymyz ulag pudagynyň düzümleriniň hususylaşdyrylmagy bilen baglanyşykly mesele barada durup geçip, döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagynyň ykdysady netijesiniň ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň mundan beýläk-de ilerledilmegine ýardam etmelidigini nygtady.