• Gar tozgajyklary Ýerden bugaryp, ýokary galan suw bölejikleridir. Olar sowuklugy -400 C-a deň bolan bulutlara ýetenlerinde, doňup, gar tozgajyklaryna öwrülýärler we howanyň temperaturasynyň peselmegi netijesinde asmandan aşak gaçýarlar.
  • Gözlegleriň netijesine görä, «gar maýmynlary» diýlip atlandyrylýan ýapon makau maýmynlary biri-birine gar toplaryny ýasaýarlar we wagtal-wagtal biri-birleri bilen gar zyňyşýarlar.

  • «Synophobia» gar gorkusydyr. «Synophobia» psihologiki näsazlygy bolan adamlar, çagalykda gar bilen baglanyşykly şikes sebäpli ýüze çykýar. Bu hili adamlar gar ýagyp başlanynda garyň aşagynda galmaklaryndan gorkýarlar.
  • Köpler gar diňe ak reňkde diýip hasap edýärler. Alymlaryň bellemeklerine görä, garyň reňki Ýerden bugaryp, ýokary galýan suwuň düzümindäki mikroorganizmlere baglydyr.
  • Glazgow uniwersitetiniň gözlegçileri Şotland dilinde gar bilen baglanyşykly 421 adalganyň bardygyny öňe sürýärler.
  • Gar tozgajygy üçin bir million ownujak damjalar gerek. Taryhçy alymlaryň aýtmaklaryna görä, gadym döwürlerde gyzyl, ýaşyl, gök hat-da gara reňklerde hem garyň ýagandygy aýdylýar.

  • Tebigy hadysalaryň netijesi bolsa-da, gar duz ýa-da göwher ýaly mineraldyr.
  • Ýekeje gar tozgasynyň agramy bir milligram töweregidir. Gar tozgasynyň iň uly göwrümlisi 2-3 milligrama çenli ýetýändigi geçirilen gözleglerde mälim edildi.
  • Bu ýagdaý ululygyna görä üýtgese-de, ortaça hasaplanýan gar ýagyşy 5 kilometr tizlik bilen ýere gaçýar.
  • Gar bürenen ýere basanyňda gyjyrdap ses edýändigi hemmelere mälim bolsa gerek. Bu ses millionlarça gar tozgajyklarynyň döwülmegi esasynda emele gelýändigi bilen düşündirilýär.

  • Iň uly gar tozgasy 38 santimetrdir. 1887-nji ýylda ABŞ-nyň Montana şäherindäki Fort Keog sebitinde 38 sm barabar bolan gar tozgasyna gabat gelindi. Dünýädäki iň uly gar tozgasy Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.
  • ABŞ-nyň Kolorado ştatynyň Silwer kölüniň golaýynda bir günläp ýagan gar iň uly galyňlykdaky gar hasaplanýar. 1921-nji ýylyň gyşynda ýagan garyň galyňlygy 190 santimetre barabar bolupdyr.
  • Türk ýazyjysy Orhan Pamuk özüniň «Gar» atly kitaby bilen dünýäde iň abraýly baýraklarynyň biri bolan Nobel baýragyna mynasyp bolýar. Ýazyjynyň bu kitaby altmyş üç dile terjime edildi, ýüzden gowrak ýurtda we 13 million sanysy neşir edildi.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Täçsoltan Seýitmämmedowa,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.