Uly ýaşly adamyň bedeniniň agramynyň ýarysyndan gowragy suwdur.

* * *

Çaga dünýä inensoň, onuň bedenindäki suw 77 göterime çenli azalýar. Adam kämillik ýaşyna ýetensoň, onuň bedeninde suwuň azalmagy belli bir derejä baryp durýar.

* * *

Suwuň mukdary 18 ýaşdan 50 ýaş aralygyndaky erkek kişilerde 61%, zenanlarda 54% bolýar. Elli ýaşdan soň suw azalyp, adam bedeni guramak bilen bolýar.

* * *

Adamyň bir gije-gündizde sarp edýän suwy 2,5 litre golaý. Ýöne bu adamyň bir gije-gündizde 10 bulgur suw içmelidigini aňladanok, çünki biziň sarp edýän suwumyzyň bir bölegi iýmitde, başga bir bölegi bolsa bedenimizde beloklaryň, ýaglaryň hem-de uglewodlaryň dargamak prosessinde emele gelýär.

* * *

Eger adam iýmitlenmän 50 gije-gündiz ýaşap bilýän bolsa, ol suwsuz 5 günden artyk ýaşap bilmez.

* * *

Bedende 10 göterim suwuň ýitirilmegi, onda üýtgeşiklikleriň döremegine getirýär. Bedende 15—20 göterim suw ýetmezçiligi adamy agyr ýagdaýa düşürip biler.

* * *

Biz her ýylda bedenimiziň agramyndan 5 esse köp suwy öz üstümizden geçirýäris, ömrümiziň dowamynda biziň her birimiz 25 tonna golaý suwy sarp edýäris.

* * *

Bir ýylyň dowamynda ummanlarda we gury ýerde 520 müň kub kilometr suwuň bugarýandygy hasaplanyp görlüpdir. Ol bug görnüşinde atmosfera çykýar, soňra ýene şol mukdarda ýagyş, gar, buz görnüşinde Ýere gaýdyp gelýär.

* * *

Suwuň ähli zady eredip bilmek ukyby dünýä ummanyny himiki elementleriň jemlenýän ýerine öwürdi. Häzirki döwürde deňiz suwunda ylma mälim bolan 118 himiki elementiň 70 göteriminiň bardygy ýüze çykaryldy.

* * *

Ummanyň 1 kub metr suwunda 5,5—5,7 milligram altyn bar. Göräýmäge, bu bir ujypsyzja zat ýaly, ýöne dünýä ummanynyň çäginde ol 8 milliard tonna barabardyr.

Çeşme: “Zenan kalby” žurnaly.