Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyz Aşgabadyň günorta böleginde Döwlet münberiniň toplumy ulanmaga berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, medeniýet we sungat ussatlarynyň, döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Milli Liderimiz toý bagyny kesip, dabara mynasybetli ýurdumyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň döredijilik toparlarynyň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlaryny synlady.

Hormatly Prezidentimiz Döwlet münberi toplumynyň baş binasyna gelip, onuň gurluşynyň we bezeginiň aýratynlyklary bilen tanyşdy. Şanly waka mynasybetli soňra meýdançada sahnalaşdyrylan dabara ýaýbaňlandyryldy.

Döredijilik işgärleriniň, sungat ussatlarynyň sahnalaşdyrylan çykyşlary guralýan köpçülikleýin çäreleriň dabarasyny belende göterdi. Aýdym-sazlar, täze döwrebap tehnologiýalar bilen döredilýän ajaýyp şekiller sazlaşykly utgaşdy.

Ajaýyp şüweleň dabaralary paýtagtymyzyň asuda asmanyny ýagtylandyran al-ýaşyl feýerwerk öwüşginler bilen utgaşmagy Döwlet münberi toplumynyň açylyş dabarasy mynasybetli guralýan çäreleriň ýatda galyjy pursatlara beslenmegini şertlendirdi.

Umumy meýdany 20 müň 450 inedördül metrden ybarat bolan Döwlet münberi toplumy giň gerimli dabaralaryň geçiriljek ýerine öwrüler. Ýeri gelende aýtsak, bu ýerden paýtagtymyza giň gözýetim açylýar.

 

Ozalky döwlet münberi işewürleri kabul ediş merkezine öwrüler

 

[ajax_load_more id="7660182157" css_classes="myclass" loading_style="infinite classic" container_type="div" offset="2" post_type="post" category="habarlar "]