2021-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 23-nji dekabrynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda ýokary derejeli žurnalistleri taýýarlamaga aýratyn üns bermek, şeýle hem žurnalistleriň döwrebap sanly foto kameralardan, kompýuterlerden, dizaýn işlerinden oňat baş çykarmagy, žurnalistika babatda halypa-şägirt ýoluny ösdürmek barada beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen “Türkmen dünýäsi” gazetiniň jogapkär kätibi Döwran Agalyýewiň gatnaşmagynda Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyplarynyň arasynda döredijilik duşuşygy geçirildi.

Döredijilik duşuşygynyň dowamynda halypa geljekki ýaş halkaraçy žurnalistlere özüniň žurnalistika ýoluna gelşi, onuň dowamynda geçen döredijilik ýoly barada gyzykly gürrüňleri berdi.

Continue reading Döwran Agalyýew bilen döredijilik duşuşygy geçirildi at inAshgabat.

[ajax_load_more id="7660182157" css_classes="myclass" loading_style="infinite classic" container_type="div" offset="2" post_type="post" category="habarlar "]