Dünýä belli portugaliýaly tälimçi Žoze Mourinýo täzeden tälimçilige bellendi. Ol täze möwsümden Italiýanyň “Roma” toparyna tälim berer. Bu babatda 3 ýyllyk şertnama baglaşyldy.

Sport metbugat gulluklarynyň habar bermegine görä, Žoze Mourinýo 2024-nji ýylyň tomsuna çenli italýan toparyna tälim berer. Onuň tälimçilik işi 2021/22-nji möwsümde başlaýar.

Portugaliýaly tälimçiniň soňky tälim beren topary Angliýanyň “Tottenhem” topary boldy. Ol bu toparyň tälimçiliginden geçen aýda boşadyldy.

Mourinýonyň ozal hem Italiýanyň toparyny tälim bermek tejribesi bar.

dowamy Dünýä belli tälimçi “Roma” toparyna tälim berer at TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY.

[ajax_load_more id="7660182157" css_classes="myclass" loading_style="infinite classic" container_type="div" offset="2" post_type="post" category="habarlar "]