Angliýanyň dermanlar we saglygy goraýyş önümlerini kadalaşdyrmak geňeşi (MHRA) öz beýanynda “Merk” we “Ridgeback” bioterapewtiki tarapyndan işlenip düzülen “Covid-19” dermanyny tassyklandygyny aýtdy.

Dekabr aýynyň başynda “Pfizer-BioNTech” tarapyndan işlenip düzülen koronawirus sanjymyny dünýäde ilkinji bolup tassyklan Angliýa koronawirusa garşy dermany hem tassyklan ilkinji ýurt boldy.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň derman kärhanasy “Merk” şu ýylyň 25-nji oktýabrynda koronowirus üçin derman işläp, ABŞ-nyň Azyk we derman senagatynyň administrasiýasyna gyssagly peýdalanmak barada ýüz tutupdy.

“Molnupirawir” atly derman hem koronawirusa garşy FDA tassyklamasyny alan ilkinji derman boldy. “Molnupirawir” atly dermanyň koronawirusynyň alamatlaryny azaldyp, näsaglaryň sagalmagyny çaltlaşdyryp biljekdigi aýdylýar.

Dermanyň bu görnüşi öýde hiç bir saglyk edarasyna gitmezden ulanylyp bilinjekdigi, epidemiýa gözegçilik etmekde esasanam saglyk ulgamy ösmedik garyp ýurtlarda uly goşant goşup biljekdigi mälim edildi.

“Pfizer” we “Roche” ýaly beýleki derman kärhanalary hem şuňa meňzeş koronawirusa garşy dermanlarynyň üstünde işleýärler. Bu kompaniýalaryň ýakyn aýlarda FDA tassyklamagy üçin ýüz tutmagyna garaşylýar.

 

https://turkmenistanhabar.com/turkmenistanyn-turkiyede-gatnasyan-kinofestiwaly-barada-nameleri-bilmeli/