Myhmana hormat-sarpa, onuň bilen bagly edep-kadalar halkymyzyň gadymdan gelýän milli däp-dessurlarynda örän baýdyr. Halkymyzda alys-u-ýakyn ýerden myhman gelse güler ýüz, duz-çörek bilen garşylanýar.

* * *

Özbek maşgalasynda ilki maşgalabaşy, soňra beýleki maşgala agzalarydyr myhmanlar saçak başyna geçýär. Myhmana çaýy öý eýesi guýup berýär, ýöne çaýy gaty az mukdarda guýup bermek olaryň milli däpleriniň biridir. Gündogaryň iň bir myhmansöýer adamlarynyň watany hasaplanýan Özbegistanyň zenanlary özleriniň tagam taýýarlaýyşlary bilen myhmansöýerligiň ajaýyp nusgasyny görkezýärler.

* * *

Gazak halkynda: «9 ýaşyndaky çaga hem 90 ýaşly adamy myhman almak üçin howlugýar» diýen pähim bar. Bu halkda myhman üçin ýörite «myhman otaglarynyň» bolmagy adaty ýagdaýdyr. Şeýle-de myhmana hormat goýlup, olara çaý guýup berýän, ýörite haşamlanan çaý käsesi bar. Olar: «Myhman baýlyk, rysgal getirýär» diýen yryma hem ynanýarlar.

* * *

Koreý halky örän myhmansöýer halk bolup, myhman gelse, hökmany ýagdaýda 12 dürli tagam taýýarlaýarlar. Koreý halkynda myhmanlar bilen gyzykly söhbede aýratyn orun berilýär.

* * *

Azerbaýjan halkynyň milli däpleriniň biri-de, myhmançylyga eliň sowgatly barmakdyr. Sebäbi öý bikesi seni sowgatly çykarýar. «Myhmansyz öý, suwsuz degirmen ýalydyr» diýen pähimden ugur alnyp, çaý-nahardan soň hökmany ýagdaýda myhmana süýjülik hödür edýärler. Şeýle-de çep eliň bilen nahar almak halanylmaýar. Olaryň ýörite däpleriniň biri hem, myhmany arzylap, körpeçäniň üstünde oturtmakdyr.

* * *

Italiýanyň myhman garşylamak däbi gadymy däp-dessurlar esasynda dowam edýär. Myhmana hökmany ýagdaýda kofe hödür edilýär.

* * *

Şwesiýalylarda agzybirlik suprasyny ýazmak milletiň asyrlardan aşyp gelýän däbidir. Myhmançylyga barlanda nahar aýry desserhanda iýlip, soňra çaý içmek üçin täze saçak ýazylýar. Myhmana, esasan, kümüş käselerde, haşamlanan gap-gaçlarda çaý-nahar hödür edilýär.