“SpaceX” we “Tesla” kompaniýalarynyň ýolbaşçysy Ilon Mask dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda ikinji orny eýeledi. Ol bu ugurda “Microsoft” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Bill Geýtsden öňe saýlandy. Muny “Bloomberg Billionaires Index” maglumatlary tassyklaýar.

Blumberg agentliginiň habaryna görä, Maksyň emlägi 127,9 milliard dollara çenli ýokarlandy. Bir ýylyň dowamynda ol 100,3 million dollar gazandy. Üçünji orundaky Bill Geýtsiň emlagi 127,7 milliard dollara deňdir.

“Bloomberg Billionaires Index” maglumatlaryna görä, baýlaryň sanawynda birinjiligi “Amazon” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jeff Bezos eýeleýär. Onuň emlägi 182 milliard dollar töweregidir.

Şeýle hem baýlaryň ilkinji bäşliginde “Louis Vuitton Moët Hennessy” kompaniýasynyň ýolaşçysy Bernar Arno hem-de “Facebook” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Mark Sukerberg bar.

“Tesla Motors” amerikan kompaniýasy 2003-nji ýylda elektrik ulaglaryny we şuňa meňzeş tehnologiýalary öndüriji hökmünde döredildi. Elektrik ulaglaryndan başga-da, kompaniýa öz tehnologiýasyny ulanyp batareýalary we elektrik hereketlendirijilerini öndürýär. Olary hem dünýä belli “Toyota” we “Daimler” ýaly beýleki awtoulag kompaniýalaryna satýar.