Bütin dünýä täsir eden koronawirus epidemiýasy tehnologiýalaryň görnüşini has-da baýlaşdyrdy. Ençeme kompaniýalar “akylly” düşünjesini adatça telefonlarda we beýleki hojalyk enjamlarynda ulanýardylar. Indi bu düzgün agyz-burun örtüklerinde hem ulanylyp başlandy.

Epidemiýa sebäpli onlaýn şekilde geçirilen Sarp ediji elektronika ýarmarkasy (CES) örän täsin tehnologiýalary özünde jemledi.

Razer kompaniýasy tarapyndan döredilen agyz-burun örtügi mikrofon we ýagtylyk enjamlary bilen tapawutlanýar. Dünýäniň iň akylly agyz-burun örtügi diýip atlandyrylan bu maska  Sarp ediji elektronika ýarmarkasy — 2021-de hödürlendi.

Mikrofonyň kömegi bilen ulanyjynyň sesini has gowy eşidýän prototip agyz-burun örtügi, işjeň howa çalşygy aýratynlygyna eýe. Örtük howa çalşygyny kämil ýolar bilen amala aşyryp, arassa howada dem almaga mümkinçilik berýär.