«Forbes» halkara žurnalynyň iň baý adamlarynyň sanawynda birinji orna geçen «Tesla» kompaniýasynyň baş direktory Ilon Mask gysga wagtyň içinde bu adyny ýitirdi we ýene-de ikinji ýeri eýeledi.

Ýagny «haberankara.com» web saýtynyň habar bermegine görä, paýnamalarynyň bahasynyň ýokarlanmagyndan soň 185 milliard amerikan dollardan gowrak baýlygy bilen dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda birinji ýeri eýelän «Tesla» -nyň baş direktory Ilon Mask, kompaniýanyň paýnamalary peselenden soň baýlygynyň 13,5 milliard amerikan dollaryny ýitirdi. Şeýlelikde ol häzirki wagtda «Amazon» kompaniýasynyň baş direktory Jeff Bezosdan soň ikinji ýerde durýar.

“Tesla” -nyň paýnamalary duşenbe güni 8 göterim pese gaçdy. Şeýlelikde «Forbes»-iň çaklamalaryna görä, Ilon Maskyň umumy baýlygyny 176,2 milliard amerikan dollara, Jeff Bezosyňky bolsa 182,1 milliard amerikan dollara barabardyr.