Dünýäniň iň çuň suw toplumy Polşanyň paýtagty Warşawada guruldy. Çuňlugy 45,5 metre barabar bolan suw toplumda 8 müň kub metr suw bar. Bu Olimpiýa howuzlaryndaky suwuň 27 essesine barabardyr. Goşun we ýangyn söndüriji hünärmenleri taýýarlamak üçin niýetlenen suw toplumynda daşyndan gelýän myhmanlary kabul edip biler.

8 müň kub metr suwy öz içine alýan howuzda suwasty gowaklar bilen bir hatarda hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen dürli görnüşdäki päsgelçilikler döredilen. Şeýle-de suw toplumynda suwasty myhmanhana, tomaşaçylar üçin tunel, restoran we mejlisler otagy hem bar.

Ginnesiň rekordlar kitabyna görä, dünýäniň iň çuň suw toplumy 42 metr çuňlukdan ybarat bolup Italiýanyň Montegrotto Terme şäherinde ýerleşýär.  Ýakynda berlen beýanatda, 2021-nji ýylda Angliýada açylmagy meýilleşdirilýän ”Mawy çukur” diýlip atlandyrylýan suw toplumyň çuňlugy 50 metr bolar.

Beýanatda iki ýyl töweregi suw toplumyň gurluşygynda takmynan 5 müň kub metr betonyň ulanylandygy aýdyldy. Suw toplumyň bahasy 10,6 million dollarara barabardyr.