Halkara sport gözleg merkezi tarapyndan taýýarlanan «2021-nji ýylyň ýanwar aýyna çenli iň gymmatly oýunçylar» hasabatynda Ýewropanyň iň gowy 5 ligasy diýlip ykrar edilen Germaniýanyň (Bundesliga), Fransiýanyň (Ligue 1), Angliýanyň (Premýer liga), Ispaniýanyň (La Liga) we Italiýanyň (A Seriýa) ligalarynyň iň ýokary bahaly bolan oýunçylar kesgitlenildi.

«Mançester Ýunaýtediň» iňlis ýyldyzy 23 ýaşyndaky Markus Raşford transfer bahasy 165,6 million ýewro bilen birinji ýeri eýeledi. «Barselonanyň» argentinaly ýyldyzy Lionel Messi bolsa 54 million ýewro bilen 97-nji boldy. Beýleki tarapdan «Ýuwentusyň» portugaliýaly ýyldyzy Kristiano Ronaldo 47 million ýewro bilen 131-nji orunda. Hatda ol ilkinji 100-lige girmeýänligi hem köpleri haýran galdyrdy.

Geliň indi bolsa, iň gymmat meşhur futbolçylaryň sanawda näçinji orunda durýandygy bilen tanyş bolalyň.

  1. Markus Raşford — «Mançester Ýunaýted» — 165.6 mln ýewro.
  2. Erling Haaland — «Borussiýa Dortmund» — 152 mln ýewro.
  3. Trent Aleksandr-Arnold — «Liwerpul» — 151.6 mln ýewro.
  4. Bruno Fernandes — «Mançester Ýunaýted» — 151.1 mln ýewro.
  5. Kilian Mbappe — «PSŽ» — 149.4 mln ýewro.
  6. Jodan Sanço — «Borussiýa Dortmund» — 148.3 mln ýewro.
  7. Joao Feliks — «Atletika Madrid» — 141.5 mln ýewro.
  8. Alfonso Dewis — «Bawariýa» — 139.2 mln ýewro.
  9. Rahim Sterling — «Mançester Siti» — 136.9 mln ýewro.
  10. Kaý Hawers — «Çelsi» — 136 mln ýewro.

12. Mohamed Salah — «Liwerpul» — 134 mln ýewro.

44. Ederson Mores — «Mançester Siti» — 79.6 mln ýewro.

55. Robert Lewandowski — «Bawariýa» — 72.1 mln ýewro.

97. Lionel Messi — «Barselona» — 54 mln ýewro.

131. Kristiano Ronaldo — «Ýuwentus» — 47 mln ýewro.