«Brand Finans» guramasy tarapyndan geçirilen «Dünýäniň iň gymmat 500 markasy» gözleginde, «Apple» şu ýyl takmynan 263,4 milliard dollar bilen dünýädäki iň gymmat marka hökmünde kesgitlenildi. «Apple» 141 milliard dollar bilen 2020-nji ýylda geçirilen gözleglerde üçünji ýeri eýeledi. Gözlegleriň netijelerine görä, Amerikanyň Birleşen Ştatlary sanawda 1-nji orunda durýar. 500 markany özünde jemleýän sanawda kompaniýalaryň 204-si ABŞ, 75-si Hytaý, 34-si Ýaponiýa, 33-si Fransiýa, 22-si Germaniýa we 19-sy Angliýa ýaly döwletlere degişlidir. Iň gymmat markalaryň 15 sanysy aşakdaky ýaly yzygiderlige eýedir.
- Apple
- Amazon
- Microsoft
- Samsung Group
- Walmart
- ICBC
- Verizo
- China Construction Bank
- Toyota
- Mercedes Benz
- Tencent
- Huawei