2021-nji ýyl üçin dünýäniň iň howpsuz awiakompaniýalarynyň iň soňky reýtingini «AirlineRatings.com» mälim etdi.

Şeýlelikde, dünýäniň dürli künjeklerinde ýerleşýän awiakompaniýalaryň ençemesi howpsuzlygy boýunça bäsleşik üçin doly barlagdan geçirildi. 2021-nji ýyl üçin dünýäniň iň howpsuz awiakompaniýasy diýlip Awstraliýada ýerleşýän «Qantas» awiakompaniýasy 1-nji orny eýeledi. Şeýlelikde «Qantas» 2021-nji ýyl üçin dünýäniň iň howpsuz awiakompaniýasy yglan edildi diýlip, «edition.cnn.com»-da bellenilip geçilýär. «Qantas» mundan ozal hem 2014-nji ýyldan 2017-nji ýyla çenli dünýäniň iň howpsuz awiakompaniýasy diýen ada eýe boldy.

Şeýlelikde sanawda «Qatar Airways » ikinji orny eýeleýär, «Air New Zealand», «Singapore Airlines» we «Emirates» ilkinji bäşlige girýär.