«Money Co UK» tarapyndan geçirilen gözleglere görä, dünýäniň iň saglykly 20 şäheri öz içine alýan sanaw düzüldi. Bu sanaw guramanyň ýörite şertlerine görä düzüldi. Onda şäher ilatynyň semizlik ýagdaýy, umymy arassaçylyk derejesi, azyk önümleriniň bahasy, ynsan ömrüniň dowamlylygy we Gün şöhlesiniň sagatlary boýunça kesgitlenildi. «Money Co UK» tarapyndan düzülen sanaw aşakdaky yzygidelikde gidýär.
1. Walensiýa — Ispaniýa
2. Madrid — Ispaniýa
3. Lissabon — Portugaliýa
4. Wena — Awstriýa
5. Kanberra — Awstraliýa
6. Tel Awiw — Ysraýyl
7. Tokio — Ýaponiýa
8. Gaaga — Niderland
9. Lýublyana — Sloweniýa
10. Sýurih — Şweýsariýa
11. Adelaýd — Awstraliýa
12. Haýfa — Ysraýyl
13. Porto — Portugaliýa
14. Reýkýawik — Islandiýa
15. Tamişwar — Ruminiýa
16. Kluž-Napoka — Ruminiýa
17. Helsinki — Finlandiýa
18. Bursa — Türkiýe
19. Brisben — Awstraliýa
20. Kopengagen — Daniýa