Synaglary üstünlikli geçmegi başaran “SSC Tuatara” atly awtoulag “dünýäniň iň ýokary tizlikli awtoulagy” diýen ada eýe boldy. Ýokary tizlikli ulag “Shelby SuperCars” kompaniýasy tarapyndan döredildi. Mundan öň 2007-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda kompaniýanyň “SSC Ultimate Aero” atly giper awtoulagy sagatda 412,22 km tizlik bilen iň ýokary tizlik rekordyny täzelemegi başardy. “SSC Tuatara” ABŞ-nyň Newada ştatynyň 160-njy aýlawynda “Dünýäniň iň ýokary tizlikli awtoulagy” diýen ada eýe bolan “Koenigsegg Agera RS”-iň 2017-nji ýylda rekordyny täzeledi. Ulag sagatda 447,19 km tizlik bilen 2017-nji ýylda rekord goýdy.

Iňlis piloty Oliwer Webb tarapyndan ulanylan bu ulag, doly önümçilige taýyn modeldir. Ulag iki taraplaýyn synagda ortaça 508,72 km / sag tizlige ýetmegi başardy. Emma “Tuatara” SSC bu synaglaryň birinde sagatda 484.53 km, beýlekisinde 532,93 km / sag tizlige ýetendigi bellendi.

Düzgüne laýyklykda 1 sagadyň dowamynda geçirilen iki synag 15 hemra we iki Ginnes synçysy tarapyndan geçirildi.