Reňkler biziň durmuşymyzda uly orun eýeleýär. Reňkler bize bir ýeri, ýylyň wagtyny ýa-da iň gowy görýän däp-dessurlarymyzy ýatladyp bilerler we ynsan duýgularyny reňkler suratlandyryp biler. Emma dünýädäki medeniýetlerde dürli reňkleriň nämäni aňladýandygy dürli- dürlidir. Reňkleriň asyrlaryň dowamynda dürli medeniýetleriň taryhyny, duýgularyny we ynançlaryny reňkleriň üsti bilen görkezilýär.

Ak reňk

Ak arassalygy ýa-da bigünäligi aňladýar. Ak reňk açyk we giňişlik duýgusyny döredip biler. Dizaýnerler  otaglary has giň görkezmek üçin köplenç ak reňk ulanýarlar. Ak reňkli otaglar giň, ýöne boş we dostluksyz görünip biler. Agyň berip biljek käbir oňyn manylary arassaçylyk, täzelik we ýönekeýlikdir. Ak reňk köplenç täze başlangyjy  hem aňladýar. Ters tarapy, ak, gaty, sowuk we daşlaşdyrylan  bolup biler. Beduinler ( Gündogar çölleriniň arap dilli çarwa) ak reňki süýt bilen baglanyşdyrýarlar. Düýe süýdi adamlar üçin möhüm iýmit, ýokumly, süňkler üçin peýdaly we immun sistemaňy güýçlendirýänligi sebäpli, ak minnetdarlygyň, hasyllylygyň we şatlygyň manysyny hem aňladýar. Ak köýnekli günbatar däpleri bilen köpler tanyş bolsa gerek. Käbir adamlar munuň 2000 ýyldan gowrak wagt bäri Rim respublikasyna degişlidigine ynanýarlar. Häzirki zaman tendensiýasy, 1840-njy ýylda şa däp-dessurlarynyň täç geýimleriniň ýerine ak krujka geýmegi saýlan şa aýal Wiktoriýanyň kömegi bilen ýörgünli  bolupdy.

 Gyzyl reňk

Bu Hindi medeniýetinde ähli reňkleriň arasynda möhüm manylary berýär. Gyzyl reňk easasanam arassalyk, hasyllylyk, söýgini we gözelligi aňladýar. Ol şahsy durmuşda gelin toýlarynda, täze geliniň toý lybasynyň gyzyl bolmagy hem-de toý däp-dessurlaryna görä, toý edýän zenanyň eline gyzyl hyna çekilmegi hem aýratyn ornunyň bardygyny görkezýär.  Taý däp- dessuryna görä, hepdäniň her günine belli bir reňk berilýär.Taýlantlylaryň köpüsi her ýyl doglan gününde gyzyl reňk geýýärler.

Hytaý medeniýetinde bolsa, gyzyl reňk adatça Täze ýylda we toýlarda geýilýär hem-de baýramçylyklary, şowlulyk getirmek üçin we abadançylygy, bagt we uzak ömür getirmegi maksat edinýär.

Sary reňk

Bu reňk köpümize özümizi  şadyýan duýmaga kömek edýär. Hytaý dilinde “sary surat“ ýa-da “sary kitap” termini haýsydyr bir neşiriň ýa-da metbugatyň görnüşini ara alyp maslahatlaşmak üçin ulanylýar. Sary reňk Afrika ýurtlarynda altyna  meňzeşligi sebäpli, ýokary derejeli adamlar üçin ulanylýar. Ýapon medeniýetinde bolsa, 1357-nji ýylda neberler söweşinden bäri gaýduwsyzlygy, baýlygy we arassalygy görkezýär. Bu döwürde söweşijiler Ýaponiýanyň imperatoryny we şa maşgalasyny görkezýän sary hrizantema geýipdirler. Taý medeniýetinde şowlulygy aňladýan sary reňk duşenbe güni şowly reňkdir sebäbi uzak ýyllar hökümdarlyk süren Taýland şasy Bhumiboly 5-nji dekabrda duşenbe güni doglanlygy üçin  hepdäniň bu güni sary  reňk geýmeklik möhüm hasaplanylýar.

Gök reňk

Bu reňk nerwi dartgynlykdan (depressiýa) we özüňi ynamly duýmaga kömek edýär. Esasanam gök reňk howpsuzlygy we abraýy  alamatlandyrýar we rahatlandyryjy hasaplanylýar. Şu sebäplere görä, ABŞ –da köp sanly banklar öz nyşanlary üçin gök reňk ulanýarlar. Köp ýurtlarda gök reňk erkek adamlaryň nyşany hökmünde görülýär, emma Hytaýda zenanlaryň reňki diýip hasaplanylýar. Orta gündogaryň köp ýurtlarynda gök ruhubelentligiň we tükeniksizligiň nyşany hasaplanylýar. Gök köplenç konserwatiw we howp salmaýan reňk hökmünde görülýär, sebäbi köplere ýakyn reňk hasaplanylýar. Gök reňk adamda rahatlyk duýgularyny oýandyrýar. Ony köplenç parahatçylykly, asuda, howpsuz we tertipli suratlandyrylýar  we  durnuklylygyň we ygtybarlylygyň alamaty hökmünde görülýär. Howpsuzlyk keşbini dizaýn etmek isleýän kärhanalar, mahabat we marketing işlerinde köplenç gök reňk ulanýarlar. Gök gynanç ýa-da uzaklyk duýgularyny hem döredip biler. Gök köplenç ofisleri bezemek üçin ulanylýar, sebäbi gözlegler gök otagdaky adamlaryň has öndürijidigini görkezýär. Adamlar iýmitden zäherlenmekden hem gaça durýarlar we iýmitlerdäki gök reňk köplenç zaýalanmagyň ýa-da zäherlenmegiň alamatydyr. Gök köpler tarapyndan halanýan reňk hasaplanylýar we erkek  adamlar üçin iň meşhur reňkdir. Gök köplenç konserwatiw we howp salmaýan reňk hökmünde görülýär, sebäbi köpler ony gowy görýärler. Gök rahatlyk duýgularyny hem oýandyrýar. Oňa köplenç parahatçylykly, asuda, howpsuz we tertipli suratlandyrylýar.

Ýaşyl reňk

Bu reňk dünýäde tebigatyň, ekologiýanyň, daşky gurşawyň, harbylaryň we yşyk çyralarynyň reňkini hem-de rysgal- bereketi, arassalygy, bahar paslyny we köşeşdiriji, rahatlandyryjy, şatlykly we saglyk ýaly umumy manylary öz içine alýar. Ýaşyl, köplenç parahatçylygy, şowlulygy we gabanjaňlygy hem aňladýar. Şeýle hem käbir gözlegçiler  ýaşyllygyň okamak ukybyny ýokarlandyryp biljekdigine göz ýetirdiler. Käbir talyplar okalýan materialyň üstünde aç-açan ýaşyl kagyz goýmagyň okamagyň tizligini we düşünişiňi ýokarlandyrýandygyny görüp bilerler. Ýaşyl köp wagtdan bäri hasyllylygyň nyşany bolup, XV asyrda toý lybaslary üçin iň gowy görülýän reňk hökmünde saýlandy. Bu reňk köşeşdiriji täsiri barlygy sebäpli köplenç bezegde ulanylýar. Mysal üçin, telewizion gepleşiklere çykmaga garaşýan myhmanlar köplenç dynç almak üçin “ýaşyl bezelen otagda” garaşýarlar. Ýaşyl iş gurşawy bolanlar aşgazan agyrysyny az başdan geçirýärler.

Ýaşyl reňk Irlandiýanyň hem milli reňki  bolmak bilen şowlulyk getirýär. Gündogar we Aziýa medeniýetleriniň köpüsi ýaşyl we arassalyk hem-de ebedi ýaşaýyş, täze başlangyçlar, hasyllylyk, ýaşlyk, saglyk we abadançylyk bilen baglanyşýar. Meksikada bolsa ýörite Garaşsyzlygyny gazananlarynda baýdagynyň reňkini ýaşyl saýlapdyrlar.

Mawy (çirnil)

Bu reňk hyýaly pikirlenmäniň, ruhy taýdan kanagatlanmagyny gözleýänlere kömek edýär, şol sebäpden hem dünýäniň filosoflaryny köplenç özüne çekýän döredijiligiň alamatydyr. Bu reňk düşünjämizi giňeldýär we bizi has ýokary aň bilen baglanyşdyrýar.  Ýaponiýada diňe iň ýokary derejeli adamlar mawy don geýipdirler.  ABŞ– da bu hormaty aňladýan reňkdir – Mawy ýürek ol ýeriň harby agzalaryna berlen iň köne harby baýrakdyr.  Mawy reňk ýürek urmasyny we bedeniň gyzgynlygyny peseldip biler.

Mämişi reňk

Mämişi, sary we gyzyl reňkleriň utgaşmasy bolup, gujurly reňk hasaplanylýar. Mämişi tolgunma,  joşgun we ýylylyk duýgularyny hem özünde jemleýär. Mämişi köplenç ýol belliklerinde we mahabatlarda bolşy ýaly ünsi çekmek üçin ulanylýar. Mämişi gujurly, belki şonuň üçin köp sport toparlary egin-eşiklerinde, maskotlarynda we markalarynda mämişi ulanýarlar. Mämişi pyrtykal  ýaly açyk gün batýan ýerleriň we miweleriň reňkidir, şonuň üçin köp adam reňkini günüň batmagy ýa-da sitrus miweleriniň ýakymly tagamy bilen baglanyşdyryp biler. Mämişi güýziň we kädiniň reňki bilen hem baglanyşyklydyr. Medeni tapawutlar köplenç adamlaryň reňkler bilen gatnaşygynda möhüm rol oýnaýar. Köp ýurtlarda bu reňk korollyk we ruhy taýdan baglanyşykly hem  bolup biler. Günorta-Gündogar Aziýada (ýagny Laos, Taýland, Kamboja we Mýanma) Terawada däbiniň budda monarhlary safran reňkli eşik geýýärler. Ruhanylar bu kölegäni ýüzlerçe ýyl ozal saýlap aldylar, esasanam şol wagtky boýag sebäpli, ýöne bu däp şu güne çenli dowam edip gelýär. Şonuň üçin bu ýurtlar indi mukaddes we mukaddesleri mämişi reňk bilen baglanyşdyrýarlar.Gollandiýada Oranjegekte (mämişi gazaplylyk) F1 Grand Prix atly uly sport çäreleri, we her ýyl patyşanyň doglan gününde  mämişi eşik geýýärler we awtoulaglaryny, jaýlaryny, dükanlaryny we köçelerini mämişi reňkde bezeýärler. Bu bolsa  Gollandiýanyň şa maşgalasyny – Orange-Nassau öýüni baýram etmekden  başlanypdy.

Taýýarlan Merjen Atagarryýewa,

 Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň 4-nji ýyl talyby.