Senli pikirler gurşady daşymy,
Her biri ok bolup, geçdi serimden.
Sen bolsa öz dünýäñ bilen başagaý,
Habaryñ ýogam-a pikirlerimden.

Sen bolsa üýtgetmän öñki bolşuñy,
Şool gidip barýarsyñ, öz ýoluñ bilen.
Edep mekdebidiñ, akylyñ öýi,
Ýañy nowjuwanja, gyz halyñ bilen.

Dünýäñ gözelligin özüñde jemläp,
Hem bäsdeş edinip, gülleriñ baryn.
Ir bilen okuwa barýan pursadyñ,
Jemalyñda gördim jennediñ nuryn.

Kalbynda bardy “haýa” atly sakçy,
Girip bilenokdy her dogry gelen.
“Öz möhri bolmasa bolanok”-diýdi,
Girmekçi bolamda öz golum bilen

Ýöne menem umytlarym üzmerin,
Geçsek geçeris-de, saryja güýzden.
Öñümiz gyş, belki sakçyda üşär,
Şonda rugsat bolar, dymmaja gyzdan .

Ylham Gurbanalyýew,

Türkmenistanyñ Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyñ talyby.