Ertir ― 5-nji noýabrda futbol boýunça Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşa badalga berler. Türkmenistanyň Futbol federasiýasy duşuşyklaryň geçiriljek ýeri, başlanjak wagty we eminleri baradaky maglumatlary paýlaşdy.

Geçen ýyllarda bolşy ýaly futbol boýunça ýurdumyzyň Kubogy ugrundaky ýaryş çärýek finallar bilen başlar. Şu ýyl geçen ýyllardakydan tapawutlylykda duşuşyklar öýde-myhmançylykda görnüşinde däl-de, diňe bir oýun bilen çäklener.

 Kim kim bilen duşuşar? 

Ertir Balkanabat şäherindäki 10 müň orunlyk Sport toplumynda ýerli «Nebitçi» ýurdumyzyň häzirki çempiony «Altyn asyry» kabul eder. Öýlän sagat 15:45-de başlanjak duşuşygyň baş emini Arslan Goşşanow bolar. Oňa meýdanyň iki gapdalynda B.Atdyýew bilen A.Jumaýew ýardam berer. Balkanabatly hünärmen A.Annamyradowa duşuşygyň ätiýaçdaky emini, maryly M.Öwezdurdyýewe bolsa gözegçi emini bolmak ynanyldy. Duşuşygyň komissary G.Kanaýew bolar.

Şol gün paýtagtymyzdaky «Nisa» stadionynda geçiriljek duşuşykda «Aşgabat» bilen «Ahal» güýç synanyşar. Duşuşygyň sagat 15-de başlanmagyna garaşylýar.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Eminler bölümi bu duşuşygyň baş eminligini B.Haknazarowa ynandy. Oňa paýtagtly hünärmenler E.Ýazmyradow bilen M.Nurberdiýew ýardam berer. Duşuşygyň ätiýaçdaky emini Ý.Jumamyradow, gözegçi emini R.Pälwanow, komissary R.Japarow bolar.

Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň çärýek finalynyň galan iki duşuşygy Mary şäherinde geçiriler. Şäherdäki 10 müň orunlyk Sport toplumynda «Merw» ― «Şagadamy» kabul eder. Bu iki topar biri-biri bilen ýakynda Türkmenbaşy şäherinde hem duşuşypdylar. Türkmenistanyň çempionatynyň çägindäki şol duşuşykda «Şagadam» «Merwi» 4:2 hasabynda ýeňipdi. Mary şäherindäki duşuşygyň baş emini paýtagtly hünärmen Akmyrat Gurbanow bolar. Ol duşuşygy kömekçi eminler H.Abdiýazowyň we Y.Kurambaýewiň ýardamy bilen dolandyrar. Duşuşygyň ätiýaçdaky eminligi R.Isaýewe, gözegçi eminligi Ş.Durdyýewe, komissarlygy A.Mämmetgulyýewe ynanyldy.

Çärýek finalyň soňky jübütleri «Energetik» bilen «Köpetdag» bolar. Mary şäherindäki «Energetik» stadionynda geçiriljek duşuşyk sagat 15-de başlanar. Duşuşygyň baş emini paýtagtly hünärmen Resul Mämmedow bolar. Oňa Ş.Hydyrow bilen M.Allaberdiýew ýardam berer. Ýerli hünärmen M.Şanazarow duşuşygyň ätiýaçdaky emini, G.Öwezow gözegçi emini, H.Ataniýazow bolsa komissary bolar.

 29-njy möwsüm başlaýar

 Şeýlelikde, Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň 29-njy möwsümine badalga berler. Yzda galan möwsümlerde «Altyn asyr» 7 (2014, 2015, 2016, 2017, 2018, 2019, 2020), «Köpetdag» 6 (1992, 1993, 1994, 1995, 1998, 2000), «Nisa» (1996, 1999, 2001, 2003), «Nebitçi» (2004, 2010, 2011, 2012) we HTTU (2005, 2006, 2009, 2013) 4, «Aşgabat» 2 (2007, 2008) hem-de «Şagadam» bir (2002) gezek ýurdumyzyň Futbol kubogyna mynasyp boldy.

Türkmenistanyň kubogyna mynasyp bolan topar 2022-nji ýylyda AFK-nyň kubogy ugrundaky halkara ýaryşda ýurdumyza wekilçilik etmäge hukuk gazanar.

 

https://turkmenistanhabar.com/kadinin-adam-saglygyna-edyan-tasiri/