Gündelik kompýuter bilen işleýän her bir adam gysgaltma (shortcuts) ulanýan bolsa gerek. Bu iňlis dilinde “shortcuts” diýlip atlandyrylýar. Gündelik “Microsoft Excel” programmasynda işleýän adamlaryň işini ýeňilleşdirmek maksady bilen gerekli gysgaltmalary okyjylarymyza ýetirmegi makul biledik. Siz bu gysgaltmalary ulanmak arkaly wagtyňyzy tygşytlap, aňsatlyk bilen resminamaňyzy dolandyryp bilersiňiz. Geliň, olaryň birnäçesi bilen tanyş bolalyň.

CTRL+N – täze excel sahypasyny döretmek

CTRL+O ozal bar bolan excel dokumendini açmak

CTRL+S – excel dokumendini ýatda (kompýuteriň içinde) saklamak

CTRL+W – excel dokumendini ýapmak

CTRL+Z – bir hereket yza gaýtmak

CTRL+Y – yza gaýtarylan hereketi gaýtadan yzyna getirmek

CTRL+F2 – peçat funksiýa menýusyna geçmek

CTRL+ýokary ýaý– doldurylan öýjükleriň iň ýokarkysyna geçmek

CTRL+aşak ýaý– doldurylan öýjükleriň iň aşakysyna geçmek

SHIFT+TAB – yzky öýjüge geçmek

CTRL+END – iň aşaky öýjüge geçmek

CTRL+HOME – iň ýokarky öýjüge geçmek

SHIFT+SPACE – tutuş setiri bellemek

CTRL+ SPACE – tutuş sütüni bellemek

CTRL+B – saýlanan öýjügiň içinde ýazylanlary goýulaşdyrmak

CTRL+I – saýlanan öýjügiň içinde ýazylanlary gytak görnüşe getrmek

CTRL+U – saýlanan öýjügiň içinde ýazylanlaryň aşagyny çyzmak

CTRL+5  – saýlanan öýjügiň içinde ýazylanlaryň üstünden çyzmak

Beýleki gysgaltmalar (shortcuts) bilen hem tanyş boluň! 

“Word”-de işlenende zerur gysgaltmalar